HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylar «Arkalaşygyň çagalary» halkara forumyna gatnaşýarlar

Iýun 26, 2023 | 14:21 |7741
Türkmenistan Daşkent welaýatynyň «Semurg» sagaldyş lagerinde geçýän  «Arkalaşygyň çagalary» atly sekizinji medeni-bilim forumyna wekilçilik edýär.Türkmenistan Daşkent welaýatynyň «Semurg» sagaldyş lagerinde geçýän  «Arkalaşygyň çagalary» atly sekizinji medeni-bilim forumyna wekilçilik edýär.
Çeşme: uza.uz

Türkmenistan Daşkent welaýatynyň «Semurg» sagaldyş lagerinde geçýän «Arkalaşygyň çagalary» atly sekizinji medeni-bilim forumyna wekilçilik edýär.

GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň goldaw bermeginde gurnalan forum bu ýyl «Arkalaşygyň çagalary: wagtlaryň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy» şygary astynda geçýär. Oňa şeýle hem Ermenistandan, Belorusda, Gazagystandan, Gyrgyzstandan, Russiýadan, Täjigistandan we Özbegistandan 14-17 ýaşlaryndaky 800-e golaý mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.

Onuň maksady — çagalary we ýaşlary hoşniýetli goňşyçylyk we hyzmatdaşlyk ruhunda terbiýelemek üçin meýdançany bermekdir.

«Bu ýyl forumyň şygarynyň – «Wagtlaryň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy» bolmagy ýöne ýerden däldir. Sebäbi hut şeýle ýaşlar öz deň-duşlaryny birleşdirýär, biziň ylmymyzyň umydy bolup durýar, bilim we gowy zatlar baradaky pikiri özünde göterýär. Oňa beýik gelejek degişlidir» – diýip, gatnaşyjylary garşylamak bilen, Oliý Mažlisiň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa aýtdy.

Özbegistanyň Milli maglumatlar agentliginiň habar bermegine görä, forumyň her güni aýratyn bir ýurduň taryhyna we medeniýetine bagyşlanar. Çagalar üçin sport ýaryşlary, döredijilik seminarlary, kwestler, saz çäreleri gurnalar.

Gatnaşyjylar Özbegistanyň Oliý Mažilisiniň Senatynda bolup gördüler, Senatyň işjeňligi, onuň düzümi we senatorlar bilen tanyşdylar. Olaryň şeýle hem respublikanyň Ýaşlar parlamentiniň agzalary bilen aragatnaşyga girmäge mümkinçiligi boldy.

«Arkalaşygyň çagalary» halkara forumy dowam edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026