

Bakuwda Türkmenistan hem agzasy bolan Turkic.World media platforma ofisi açyldy
Duşenbe güni türki döwletleriň ilkinji bilelikdäki metbugat platformasy bolan Turkic.World (Türk dünýäsi) taslama ofisiniň açylyş dabarasy boldy. Platforma eýýäm «Kazinform» habarlar agentligi, Özbegistanyň milli habarlar agentligi «UzA», Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi «Kabar» we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşuldy diýip, AZERTAC habar berýär.





















