HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bakuwda Türkmenistan hem agzasy bolan Turkic.World media platforma ofisi açyldy

Iýul 24, 2023 | 22:56 |6438
Duşenbe güni türki döwletleriň ilkinji bilelikdäki metbugat platformasy
bolan Turkic.World (Türk dünýäsi) taslama ofisiniň açylyş dabarasy
boldy. Platforma eýýäm «Kazinform» habarlar agentligi, Özbegistanyň
milli habarlar agentligi «UzA», Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi
«Kabar» we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşuldy diýip,
AZERTAC habar berýär.Duşenbe güni türki döwletleriň ilkinji bilelikdäki metbugat platformasy
bolan Turkic.World (Türk dünýäsi) taslama ofisiniň açylyş dabarasy
boldy. Platforma eýýäm «Kazinform» habarlar agentligi, Özbegistanyň
milli habarlar agentligi «UzA», Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi
«Kabar» we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşuldy diýip,
AZERTAC habar berýär.
Çeşme: Trend.news

Duşenbe güni türki döwletleriň ilkinji bilelikdäki metbugat platformasy bolan Turkic.World (Türk dünýäsi) taslama ofisiniň açylyş dabarasy boldy. Platforma eýýäm «Kazinform» habarlar agentligi, Özbegistanyň milli habarlar agentligi «UzA», Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi «Kabar» we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşuldy diýip, AZERTAC habar berýär.

Guramaçylaryň maglumatyna görä, häzirki wagtda platformada 10 žurnalist işleýär. Ýylyň ahyryna çenli ýene 50 işgäri işe almak we radio we telewideniýe ýaly ugurlary döretmek meýilleşdirilýär.

«Biz, «Kimiň kimligi» bölümini açmakçy we belli syýasy şahsyýetler, wezipeli adamlar, taryhçylar, ähli doganlyk respublikalaryň dürli gahrymanlary barada wagtal-wagtal habar bereris», - diýip platformanyň ýolbaşçysy Rufiz Hafizoglu meýilnamalary bilen paýlaşdy.

Häzir Turkic.World saýty 8 daşary ýurt dilinde işleýär. Taslama iki ýyl bäri bolup, internetde ýaýlyma berilýär - Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň syýasaty, ykdysadyýeti, medeniýeti we jemgyýetçilik durmuşy barada türki dünýäsine degişli habarlar çap edilýär diýip, taslamanyň kuratory maglumat berdi.

Taslama ilkinji gezek 2021-nji ýylda Stambuldaky Türk Hyzmatdaşlyk Guramasynyň metbugat forumynda hödürlendi we 25-nji Halkara Işewürlik Forumynyň (IBF) resmi metbugat hyzmatdaşy boldy. Turkic.World, şeýle hem Teknofest 2022 aerokosmik inženerlik we tehnologiýa festiwalynyň resmi metbugat hyzmatdaşydy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026