

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi birnäçe ýurtlardaky, şol sanda Türkmenistandaky ilçisini täzelär
Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan Türkmenistan, Slowakiýa, Belarus Respublikasy, Saud Arabystany, Gabon, Urugwaý, Eritreýa we Demirgazyk Makedoniýa döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny täzelejekdigini habar berdi. Türkmenistanda 4 ýyl ilçi bolup işlän Togan Oralyň ýerine 53 ýaşly Ahmet Demirok geler.





















