

Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýany kabul etdi
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-niň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.




















