HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri bilen gepleşikler geçirildi

Noýabr 29, 2023 | 19:17 |6926
29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.
Çeşme: mfa.gov. tm

29-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň, Aşgabada iş sapary bilen gelen, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda R.Meredow hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ugurlaryň giň toplumy boýunça çalt depginde ösýändigini we iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

1.jpg

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrurlarynyň biri energetika hyzmatdaşlygy bolup durýandygy nygtaldy we bu ugurda Gaz hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki iş toparynyň alyp barýan işiniň wajyplygy beýan edildi. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.

Taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalay bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde täsirli gural bolup biljek Türkmen-hytaý işewürlik geňeşini döretmek mümkinçiligine hem seredip geçdiler.

2.jpg

Bellenilişi ýaly, ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlary maýa goýum pudagy, sanly we ýokary tehnologiýalar, himiýa senagaty we kosmos, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar. Söhbetdeşler ulag we logistika, şeýle hem medeni we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026