HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy

Noýabr 29, 2023 | 18:01 |6665
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Denizçi” futzal topary Türkmenistan naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy.Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Denizçi” futzal topary Türkmenistan naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy.
Çeşme: Türkmenbaşy halkara deňiz porty tarapyndan berildi

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň “Denizçi” futzal topary Türkmenistanyň naýbaşy ligasynda ýeňiji boldy.

Çempionatyň jemleýji tapgyrynda “Deňizçi” toparynyň futzalçylary “Migrasiýa” toparyny 5: 2 hasabynda ýeňip, jemi 52 utuk toplady. Şeýlelikde, "Deňizçi" Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň "Köpetdag" toparyndan 1 utuk öňe saýlandy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy 40 utuk bilen çempionatyň bürünç medalyna eýe boldy.

Şeýlelikde, "Deňizçi" futzal topary 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýa Futzal federasiýasynyň Çempionlar ligasynda oýnamaga mümkinçilik aldy. 2009-njy ýyldan bäri çempionata gatnaşyp gelýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň futzalçylar toparynyň milli çempionatda gazanan dördünji ýeňşidigini bellemelidiris.

Ondan öň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň topary 2015, 2021 we 2022-nji ýyllarda şeýle üstünlikleri gazanypdy.

Topara 2011-nji ýyldan bäri baş tälimçi hökmünde Ýakup Öwezow ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda "Deňizçi" 2014 we 2018-nji ýyllarda milli çempionatda iki kümüş, 2012, 2019 we 2020-nji ýyllarda üç bürünç medal, şeýle hem 2016 we 2018-nji ýyllarda iki gezek Türkmenistanyň Kubogyny we 2019-njy ýylda hem ýurduň iň esasy ýaryşynyň baş kubogyny gazandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026