

Türkmen kompaniýalary Özbegistanda geçiriljek sergilere çagyrylýar
Türkmenistanda sergileriň öňdebaryjy guraýjysy «Türkmen Ekspo» HK kompaniýanyň türkmen kompaniýalaryna halkara sergilerine we maslahatlaryna gatnaşmagyna hem ýardam berýändigini habar berýär. Bu türkmen kompaniýalaryna önümlerini we hyzmatlaryny halkara derejesinde hödürlemek, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak we bazardaky ornuny berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.





















