HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýun Sok Ýol: Türkmenistan we Koreýa ykdysady hyzmatdaşlygyny ahalteke bedewiniň bady ýaly işjeňleşdirmelidir

Iýun 11, 2024 | 15:40 |9975
Aşgabatda türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gatnaşdy.Aşgabatda türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gatnaşdy.
Çeşme: Yonhap News Agency

Aşgabatda türkmen-koreý işewürlik forumy geçirildi, oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol gatnaşdy.

Prezident Ýun Sok Ýol forumyň dowamynda eden çykyşynda iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygy türkmeniň meşhur ahalteke bedewiniň bady ýaly işjeňleşdirmäge çagyrdy. Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýär, we senagatlaşma tejribesi we ösen tehnologiýa bilen Koreýanyň geljekde bilelikde amala aşyrmaly işleri köp, diýip Prezident Ýun Sok Ýol belledi.

PYH2024061111900001300_P4.jpg

“Ilki bilen, iki ýurduň arasyndaky energiýa çeşmeleri pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmeli” – diýip Ýun Sok Ýol belledi we Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanda senagat desgalaryny gurmak taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirjekdigine umyt bildirdi.

“Iki ýurtdyň kompaniýalaryň arasyndaky alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk şu gezek baglaşylan söwda we maýa goýumlaryny ösdürmek boýunça Çarçuwaly şertnamasyna esaslanyp has işjeňleşer diýip umyt edýäris” – diýip Ýun Sok Ýol sözüni dowam etdi, şertnamanyň maýa goýum kepillikleriniň mümkin boldugyça gysga wagtda ýerine ýetirilmegine kömek etjekdigini aýtdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydyny belläp “asmanda we deňizde”: “Iki ýurdy birleşdirýän howa ýollarynyň giňelmegi adamlaryň we harytlaryň gatnawlaryny ýeňilleşdirer we dünýä bazarynda bäsleşige ukyply Koreýanyň gämi gurluşygy bilen Hazar deňzindäki senagat işini giňeltmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge uly ýardam eder”.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026