HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy" atly breýn-ring bäsleşigi

Iýun 12, 2024 | 00:06 |10247
Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň daşary söwda syýasatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmäge, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasyndan halkara ykdysady ýagdaýlary seljermek we daşary-ykdysady işleri meýilleşdirmek boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratBäsleşigiň maksady Türkmenistanyň daşary söwda syýasatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmäge, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasyndan halkara ykdysady ýagdaýlary seljermek we daşary-ykdysady işleri meýilleşdirmek boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat
Çeşme: commons.wikimedia.org

2024-nji ýylyň 10-njy iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Bilim ministrlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly breýn-ring bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň maksady Türkmenistanyň daşary söwda syýasatyny ösdürmegiň esasy ugurlaryny has içgin öwrenmäge, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasyndan halkara ykdysady ýagdaýlary seljermek we daşary-ykdysady işleri meýilleşdirmek boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybarat. Bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşige emin agzalary bolup Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy Serdar Arazow dagy gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, 2-nji orna Türkmen döwlet maliýe institutynyň, 3-nji orna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplar toparlary mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we degişli diplomlar gowşuryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026