

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sloweniýada we Gresiýada ýurdumyzyň ilçilerini wezipä belledi
16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilçilerini bellemek baradaky Permanlara gol çekdi.


16-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilçilerini bellemek baradaky Permanlara gol çekdi.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Onuň Alyjenaby Karl III Resmi ýaş toýy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby akademiýasynyň, harby institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryny sarpalamak dabarasy boldy.


Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Moskwa halkara festiwalynyň guramaçylyk komiteti geçen döwrüň tanymal türkmen zenan aýdymçylarynyň hormatyna ýörite baýraklary döretdi diýip, festiwalyň art-direktory Mämmet Guseýnow habar berdi.


Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.


Türkmenistan “Hytaý-Ýewraziýa EKSPO” atly halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu sergi HHR-iň Urumçy şäherinde geçiriler.


Harytlary eksport etmek halkara bazarlaryna gapylary açýar, ýöne gümrük düzgünleriniň dünýäsine aralaşmak çylşyrymly bolup biler. Doly we dogry resminamalar üstünlikli eksport işi üçin möhümdir. Bu makala esasy taýýarlamaly eksport resminamalary, şeýle hem töleg görnüşleri we Size kömek etmek üçin beýleki maglumatlary öz içine alýar.


2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Hyrat şäheriniň «Mirwais Sadek» sport toplumynda Baş konsullyk tarapyndan Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat toparlaryň arasynda futzal boýunça ýaryşy guraldy.


Türki döwletleriň guramasynyň ýanynda Türki dünýäniň umumy maddy we maddy däl medeni mirasynyň katalogy taýýarlanylýar. Bu barada “Anadolu” agentligine beren interwýusynda Türki medeni mirasy gaznasynyň ýolbaşçysy Aktoty Raimkulowa habar berdi.


Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mehanizmini döretdiler.


Saud Arabystany haj wagtynda zyýaratçylar üçin uçarmansyz howa taksisini işe girizendigini mälim etdi. Bu barada Patyşalygyň Baş ulag müdirligi habar berýär.


Şu gün, 12-nji iýunda, Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Minnihanow Aşgabatda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň ylmy edaralarynyň wekilleriniň öňünde çykyş etdi.


Çarşenbe güni, 12-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk materiallary ýerlenildi.


Türkmenistanda «Bitewi saglyk» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça milli Pudagara topar döredildi.


Meşhur «iMessage»habarlaşma programmasyna emeli hemra arkaly habar ibermek mümkinçiligi giriziler.