

Bratislawada türkmen-slowak hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistan we Slowakiýa ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin hökümetara ylalaşygy baglaşmak üçin iş alyp barýarlar


Türkmenistan we Slowakiýa ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin hökümetara ylalaşygy baglaşmak üçin iş alyp barýarlar


Çindao şäherinde (Hytaýyň Şandun welaýaty) Ýaşyl ösüş boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň forumy geçirildi. Bu barada Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy bolan CGTN dünýä ýüzündäki tomaşaçylaryna habar berdi.


Bir bada birnäçe ýaş kompaniýalar şarlary we ýokary göterilýän amatly kapsulalary ulanyp, syýahatçylary ýer atmosferasynyň ara çägine galdyrmaga taýynlanýar. Bu barada Amerikan teleýaýlymy CNBC habar berdi.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň edara-binalary ýurdumyzyň ähli künjeginde ýerleşip, aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrýar.


Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.


Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy boýunça seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berildi.


P.I Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektory sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan suratkeşi, professor Aleksandr Sokolow Magtymgulynyň 300 ýyllygyny bellemek dabarasyna gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Türkmen sazandalary üçin dünýäniň öňdebaryjy aýdym-saz ugurly okuw mekdebiniň biriniň rektory we Russiýa Federasiýasynyň öňki Medeniýet ministrinden gelen bu gutlag haty uly hormatdyr.


Sişenbe güni, 16-njy iýulda Aşgabatda "Türkmenistan-BMG" Strategik maslahat beriş geňeşiniň ikinji ýygnagy geçirildi. Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde BMG-niň Baş Sekretarynyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijelerine seredildi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2025-nji ýyl, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly atly Karanamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýurtda we daşary ýurtlarda meýilleşdirilýän çäreleriň Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.


Daşary işler ministri Raşid Meredow 16-njy iýulda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy we onuň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi.


Duşenbe güni, 15-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty, nebithimiýa pudagynyň we gurluşyk önümlerine ýokary isleg bildirildi.


Bäş ýüz ýyldan gowrak taryhy bilen Stambulyñ iň ähmiýetli medeni mirasyna degişli bolup durýan «Grand Bazaar» diýlip atlandyrylýan bu üsti ýapyk bazar, özüniñ myhmanhanalary, ululy-kiçili dükanlary bilen şähere gelýänleriň hökmany suratda baryp görýän ýerleriniň hatarynda durýar.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşykda 19 geleşik hasaba alyndy.


2025-nji ýylda Saud Arabystanynda taryhda ilkinji gezek kibersport boýunça Olimpiýa oýunlary geçiriler.


Azerbaýjanda 2025-nji ýylda Ganja şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň oýunlaryny geçirmek üçin guramaçylyk komiteti döredildi. Degişli Buýruga Respublikanyň Prezidenti Ilham Aliýew gol çekdi.


12-nji iýunda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda «Türkmennebit» Döwlet Konseriniň önümleri satyldy.