HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonlaryň öndürilişi 6% artdy

Iýul 17, 2024 | 09:58 |9126
Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.
Çeşme: mobile-review.com

Halkara gözleg kompaniýasy IDC-iň deslapky hasabatyna görä, 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde dünýäde smartfonyň öndürilişi 285,4 million birlige ýa-da geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6,5% artdy. Bu eýýam yzygiderli dört çärýek satuwda gazanylan ösüşidir.

Çärýegiň jemleri boýunça bazaryň öňdeligini Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy eýeledi, ýagny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 0,7% artyp, – 53,9 million smartfona ýetdi.

Ikinji çärýekde dünýäde smartfon öndürijileriniň arasynda dünýä bazaryna ibermek boýunça ikinji orny Amerikanyň Apple korporasiýasy eýeleýär. Ol 45,2 million iPhone satdy. Geçen ýyl bu görkeziji 44,5 million boldy. Muňa garamazdan, tehnologiýa ägirtleriniň bazardaky paýy 16,6% -den 15,8% -e çenli azaldy.

Hünärmenler, iki dünýä lideriniň bazar paýynyň pese gaçmagynyň sebäbini, ikinji çärýekde 42,3 million smartfon satyp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 27,4% ösüş gazanan Hytaýyň “Xiaomi” korporasiýasynyň üstünligi bilen düşündirýärler. Netijede, Apple-iň dünýä bazaryndaky paýy 14,8%-e deň bolup, Xiaomi-niň dünýä bazaryndaky paýy Apple-den bary ýogy 1% az boldy. Geçen ýyl iki kompaniýanyň arasyndaky ara tapawud 4,2% bolupdy.

«Häzirki wagtda Apple we Samsung bazarda öňdäki orunlary eýelemegini we bazarda premiumizasiýa tendensiýasyndan has köp peýdalanmagyny dowam edýär, köp hytaýly önüm öndürijileri gowşak isleg şertlerinde bazarda öz paýyny almak maksady bilen dünýä bazaryna amatly bahadan görnüşlerini hödürleýärler», – diýip IDC-iň gözleg bölüminiň direktory Nabily Popal hasabatynda beýän etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026