Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmenistanda Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasy durmuşa geçirilýär

Iýul 17, 2024 | 09:05 |7835
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy boýunça seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berildi.Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy boýunça seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berildi.
Çeşme: customs.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ygtyýarly ykdysady operatorlar (YYO) maksatnamasy boýunça seminar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda habar berildi.

Seminara Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasyny durmuşa geçirmek işine gatnaşýan Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu seminar YYO maksatnamasynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmegini goldamak maksady bilen geçirildi.

Bu çäre Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginden Bütindünýä gümrük guramasynyň YYO tehniki we operatiw geňeşçisi Gaetano Sassone we Koreýanyň Gümrük gullugyndan BGG YYO tehniki we operatiw geňeşçisi Dongsuk Kim tarapyndan geçirdi.

Bäş günlik seminaryň sessiýalarynyň dowamynda Çarçuwaly standartlar ulgamlary durmuşa geçirilmeginde ählumumy söwdany goramak we goldaw berilmegini üpjün etmek, Türkmenistanda YYO maksatnamasyny ornaşdyrmak, YYO dumuşa ornaşdyrmak we tassyklamak boýunça goldaw ýaly mowzuklary öz içine aldy. Netijeli ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça, hünärmenler YYO maksatnamasynyň ýurtda has netijeli durmuşa geçirilmegi üçin tekliplerini hödürlediler.

Bu seminar Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerine YYO maksatnamasyny we onuň Türkmenistanda durmuşa geçirilişinde mümkinçiliklerini artdyrmak üçin uly mümkinçilik boldy.

Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) Ygtyýarly ykdysady operator (YYO) maksatnamasy birnäçe ýyl bäri işleýär. Söwda bilen baglanyşykly kärhanalarda berjaý ediliş we howpsuzlyk çäreleri arkaly howpsuz, aç-açan söwda gurşawyny döretmäge esasy goşant hökmünde ykrar edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026