

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 43 geleşik hasaba alyndy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržazynda 43 geleşik hasaba alyndy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržazynda 43 geleşik hasaba alyndy.


Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara maglumat toparynyň (DMT) Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.


Hytaýyň media korporasiýasy 2025-nji ýylyň Bahar baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly konsertiň nyşany bilen tanyşdyrdy.


Türkmenistanyñ Döwlet migrasiýa gullugynyñ "Migrasiýa" woleýbol topary Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan guralan woleýbol boýunça Türkmenistanyñ kubogynyñ eýesi boldy diýip, gullugyñ saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasyndan (BOMKA 10) ýöriteleşdirilen kommunikasiýa enjamlaryny aldy.


BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.


6-njy dekabrda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri satyldy.


6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Duşuşygyň esasy mowzugy Hökümetiň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we ýylyň ahyryna çenli galan döwür üçin esasy meseleler boldy


3-5-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde, Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMKA 10) weterinariýa gözegçiligine töwekgelçilikleri dolandyrmak prosesini ornaşdyrmak boýunça sebitleýin okuw çäresini gurnady


Daşary işler, maliýe we ykdysadyýet, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliklerini öz içine alýan esasy edaralaryň wekillerini öz içine alýan Türkmenistanyň wekiliýeti 5-6-njy dekabr aralygynda Ženewada geçirilen Özbegistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy baradaky Iş toparynyň 9-njy mejlisine gatnaşdy. Çärä gatnaşmak BSG-e goşulmak üçin beýleki ýurtlaryň tejribesini öwrenmekde Türkmenistan üçin möhüm ädim boldy
Türkmenistanda “Halkara gatnaşyklar adalgalarynyň gysgaça sözlügi” taýýarlanyldy.


2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.


2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


5-nji dekabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri satyldy.


Halkara ylmy-amaly maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, talyp ýaşlary bilen bir hatarda, iri halkara syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň we dünýäniň abraýly ylym-bilim merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de, Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýa, Italiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy, Belarus Respublikasyndan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyndan, Hindistan, Wýetnam Sosialistik Respublikasyndan, Taýland Patyşalygyndan, Özbegistan we beýleki ýurtlardan tanymal dilçi alymlar, görnükli bilim işgärleri, halypa professor-mugallymlary ýygnandylar.