HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Awstriýa hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar

Dekabr 01, 2022 | 09:30 |5712
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen çarşenbe güni bolan duşuşykdan soň,  ORIENT bilen öz duýgularyny we pikirlerini paýlaşdy:Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen çarşenbe güni bolan duşuşykdan soň,  ORIENT bilen öz duýgularyny we pikirlerini paýlaşdy:
Çeşme:

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen çarşenbe güni bolan duşuşykdan soň, ORIENT bilen öz duýgularyny we pikirlerini paýlaşdy:

  • Çuňňur hormatlanýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa meniň bilen duşuşmaga wagt tapandygy üçin çuňňur minnetdarlygymy bildirýän, bu meniň üçin düýbünden garaşylmadyk ýagdaý boldy. Jemgyýetimiziň işine şeýle gatnaşyk meni diýseň tolgundyrýar.

2.jpg

Taslamalarymyza 14 ýylyň dowamynda howandarlyk eden bu görnükli adama men örän minnetdar. Jemgyýetimiz Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa ilkinji resmi saparyny amala aşyranda, ýagny 2008-nji ýylyň noýabr aýynda döredilipdi. Şondan bäri hem işläp gelýäs.

3.jpg

Şu günki kabul edişlikde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Awstriýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky medeni-gumanitar taslamalaryň üstünde durup geçdi. Pandemiýa bütin dünýäni gurşap almazdan ozal, Aşgabatda geçirilen Wena ballaryny ajaýyp çäre hökmünde bellemek bilen, ol bu däbi dowam etdirmegi, şeýle hem türkmen-awstriýa “Galkynyş” žurnalynyň çap edilişini, “Galkynyş” atly bilelikdäki simfoniki orkestriň konsertlerini we Jemgyýetimiziň iki halkyň medeniýetlerini wagyz etmek boýunça alyp barýan başga-da birnäçe işlerini dowam etdirmegi maslahat berdi.

Iki ýurduň hem tanymal medeni işgärlerini öz içine alýan Jemgyýetimiz eýýäm bu ugurda işleýär. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary arkaly esaslandyrylan Türkmen-awstriýa jemgyýetimiziň döredilenine 15 ýyl dolýar.

4.jpg

Men Aşgabada türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin wekiliýetiň agzasy hökmünde geldim, onuň çäklerinde işewürlik forumy, ikitaraplaýyn duşuşyklar we başga-da birnäçe çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Koreýa Respublikasyna resmi sapar amala aşyrýandygyna garamazdan, Awstriýanyň işewürler toparynyň Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşyk boýunça iş saparynyň çäginde gatnaşýan çärelerinden habarlydy.

Duşuşygymyzda Gurbanguly Mälikgulyýewiç ýurduň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin öňde goýlan maksatlar, meýilnamalar, Türkmenistany hasam owadanlaşdyrjak ägirt uly gurluşyk taslamalary barada gürrüň berdi. Taslamalar uly göwrümli, maksatnamalar uzak möhletli we Awstriýanyň iri kärhanalary bu taryhy özgerişlere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

Şeýle hem, Halk Maslahatynyň Başlygy parlamentara derejesinde türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň geljegi barada aýtdy.

Men wekiliýetimiziň agzalarynyň arasynda Aşgabat şäherine ilkinji gezek aýak basanlaryň başdan geçiren täsirleri barada gürrüň beripdim. Hatda, bu şähere ozal gelip görenlerem ýurtdaky özgerişliklere haýran galýarlar.

Üç ýyllyk arakesmeden soň, Awstriýanyň 40 iri kompaniýasy bilelikdäki toparyň mejlisine, işewür foruma we pudagara duşuşyklara gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler, bu ýerde türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5.jpg

Dünýä belli iri kompaniýalaryň köpüsi Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Mysal üçin, men Waagner Biro steel and glass GmbH kompaniýasyndan bolan kärdeşlerim bilen Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri bilen işewür pikir alyşmalara gatnaşdym.

Mundan başga-da, “Sigmapharm” we “DiproMed” ýaly meşhur derman kärhanalarynyň eýeleriniň bar bolan gatnaşyklary giňeldip, Türkmenistan bilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýratyn nygtamak isleýärin.

6.jpg

Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň täze dolandyryş merkezleriniň gurluşygy ýaly mega-taslamalar hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu sanawy dowam etdirip bolar... Men biziň özara gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açjak ýoluň başynda durandygymyza ynanýaryn.

Umuman aýdanyňda, Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin köp ugur bar, şol sanda maglumat pudagyndaky aragatnaşyk, meselem, meniň Awstriýa kansleriniň metbugat gullugynda ORIENT internet saýtynyň habarçysy hökmünde bu ýagdaýa gönüden-göni gatnaşygym bar.

7.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026