

Ahalyň täze merkezinde metjit gurmak üçin ýer kesgitlenildi
Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ahal welaýatynyň gurulýan dolandyryş merkeziniň çäklerine geldi hem-de täze şäheriň häkimi Şamuhammet Durdylyýew we sebit merkezini gurmak baradaky Döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Derýageldi Orazow bilen metjit gurmak üçin ýer kesgitledi.



















