Habarlar

Türkmenistan we Kamboja hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we Kamboja hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Kamboja hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşmak üçin Pnompen şäherine amala aşyran saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Kamboja Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

II HYF: Hazar "bäşligi" tranzit ugurlaryny ösdürmek üçin ýol kartasyny kabul ederII HYF: Hazar "bäşligi" tranzit ugurlaryny ösdürmek üçin ýol kartasyny kabul eder

II HYF: Hazar "bäşligi" tranzit ugurlaryny ösdürmek üçin ýol kartasyny kabul eder

“Gazagystan Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrjak serhetaşa merkezleri döretmek boýunça uly meýilnamalary göz öňünde tutýar. Bular Aktau we Kuryk deňiz portlary, “Horgos” gury porty, “Merkezi Aziýa” Halkara senagat hyzmatdaşlyk merkezi we beýlekiler" - diýip, Gazagystanyň premýer-ministri Alyhan Smailow Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynyň umumy mejlisinde aýtdy.

II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildiII Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Moskwada Russiýa federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň, Azerbaýjanyň premýer-ministri Ali Asadowyň, Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammat Mohberiň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň gatnaşmagynda gysga düzümde II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy portyRussiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy porty

Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministri: Hazardaky iň döwrebap port – Türkmenbaşy porty

“Türkmenistan häzirki wagtda gurluşygyna rus kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýan infrastrukturasyna ep-esli maýa goýýar. Bu ýerde Hazar deňziniň iň döwrebap porty Türkmenbaşy porty guruldy" - diýip, Russiýanyň Ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow şu gün Moskwada işe başlan II Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda “Rossiýskaýa Gazeta " beren interwýusynda aýtdy.