

Pariždäki Olimpiadany gurnaýjylar biletleriň haýyr-sahabat satuwyna başladylar
Pariždäki Tomusky Olimpiýa oýunlary 2024 ýaryşlaryna girmäge maddy mümkinçiligi bolmadyk maşgalalary goldamak başlangyjyna badalga berildi.


Pariždäki Tomusky Olimpiýa oýunlary 2024 ýaryşlaryna girmäge maddy mümkinçiligi bolmadyk maşgalalary goldamak başlangyjyna badalga berildi.


Ro-Pax görnüşli Azerbaýjanyň «Zarifa Aliýewa»parom-gämisi Türkmenbaşynyň deňiz portuna özüniň ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy.


Penşenbe güni Maryda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde çykyş edip, wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseleleri öwrenmegi teklip etdi.


Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaça ekişi 580 müň gektar meýdanda geçiriler. Şonça meýdandan, mundan birnäçe ýyl ozal hem bolşy ýaly, 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan meýdanlarda işleri doly derejede alyp barmak üçin ozal bar bolanlaryň üstüne goşmaça täze oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alnar.


Sizi yurdumyzda dabaraly bellenilýän Watan goiragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýan bu baýram merdana pederlerimiziň watançylyk mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli Karary kabul edildi.


Welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.


200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde mälim etdi.


Türkmen türgeni 26-31-nji ýanwarda Kairde (Müsür) geçiriljek abraýly Karate 1 premýer-ligasynyň möwsüminiň açylyş tapgyryna gatnaşar.


Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlary respublikanyň konstitusiýasyna sebitiň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny prezidentden "Tatarstan Respublikasynyň baştutany – raisi” adyna üýtgetmek barada girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler. Bu üýtgetmeler, Tatarstanyň häzirki baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň gutarýandygyny hasaba almazdan, kabul edilen dessine güýje girer.


GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde 2023-nji ýylda GDA ýurtlarynyň Halklarynyň dostluk festiwalyny guramak we geçirmek boýunça iş maslahaty geçirildi. Bu barada Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.


– Aziýanyň olimpiýa geňeşi (OCA) rus we belorus türgenlerine Aziýa oýunlaryna gatnaşmagy teklip etdi – diýlip, guramanyň internet saýtynda habar berilýär.


22-nji ýanwarda başlanan aý senenamasy boýunça hytaý Täze ýylyny diňe bir Hytaýyň ýaşaýjylary däl-de, eýsem bütin dünýäde belläp geçýärler. CGTN kanalynyň habar bermegine görä, bahar baýramy bilen bu günlerde birek-biregi Kanadada, Braziliýada, Beýik Britaniýada, Italiýada we beýleki ýurtlarda gutlaýarlar.


2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda internet-bankingi ulanyjylaryň umumy sany 932,7 müňe ýetdi. Muňa ýurduň Merkezi bankynyň saýtynda çap edilen maglumatlar şaýatlyk edýär.