

Türkmenistanda käbir ýerlerde howa +20 dereja çenli maýlar
20 güne golaý dowam eden Türkmenistandaky çenden aşa sowuk howa indiki hepde maýlar. Käbir ýerlerde howa +20 derejä çenli maýlar – diýip, «Meteožurnal» ýazýar.


20 güne golaý dowam eden Türkmenistandaky çenden aşa sowuk howa indiki hepde maýlar. Käbir ýerlerde howa +20 derejä çenli maýlar – diýip, «Meteožurnal» ýazýar.


Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň binýadynda kýorling bölümi açyldy, ol Türkmenistanyň Kýorling federasiýasynyň goldamagynda hereket eder.


Täze möwsümiň başlanmagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň ýokary ligasynyň klublarynyň baştutanlary we wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär.


BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we BMG-niň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (ÝUNEP) Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň işgärleri üçin metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerine bagyşlanan okuw-seminaryny geçirdiler – diýip, wekilhananyň resmi saýty habar berýär.


Penşenbe güni, 26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda umumy bahasy $189,4 müň amerikan dollaryna deň bolan we 1,6 mln türkmen manadyna deň bolan iki geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp tutuş ýurt boýunça geçirilen sport ýaryşlarynyň umumy topar hasabynda öňdeligi eýelediler.


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin degişli federal kanuna gol çekmek bilen, Russiýa bilen Belorussiýanyň arasyndaky wizalary özara ykrar etmek hakynda ylalaşygy tassyklady. Ylalaşyk belorus wizasy bolan daşary ýurtlylara Russiýada bolmaga, Russiýanyň wizasy bolanlara bolsa – Belorussiýada bolmaga mümkinçilik berýär.


«Türkmenistan» awiakompaniýasy uçuşlaryň täze rejenamasyny mälim etdi, oňa laýyklykda 1-nji fewraldan başlap ähli halkara uçuşlar Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyrylar.


Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň uly topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy.


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.


Saud Arabystany şu ýyl haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin 2 million zyýaratçyny kabul etmäge taýýardyr. Bu barada haj we umry ministri Taufik bin Fauzan Al-Rabia beýan etdi.


Bilermenleriň pikirine görä, ýurt tarapyndan daşary ýurt syýahatçylygynyň gaýtadan dikeldilmeginden soň hytaý syýahatçylarynyň halkara bazaryna gaýdyp gelmegi ykdysadyýetiň bu pudagynyň bütin dünýäde gaýtadan dikeldilmegine ýardam eder – diýip, Sinhua agentligi ýazýar.


Saglygy goramak boýunçä däp bolup gelýän türkmen-german forumy şu günlerde onlaýn görnüşde iki ýurduň lukmançylyk ugry boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçýär – diýip, resmi türkmen metbugaty habar berýär.


Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde pudagara çemeleşme Türkmenistanyň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrliginiň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guralan seminarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, guramanyň beýanatynda habar berilýär.