HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gowy netijelere garaşýarys: Türkmenistan Müsürde karate ýaryşyna gatnaşar

Ýanwar 26, 2023 | 22:13 |10393
Türkmen türgeni 26-31-nji ýanwarda Kairde (Müsür) geçiriljek abraýly Karate 1 premýer-ligasynyň möwsüminiň açylyş tapgyryna gatnaşar.Türkmen türgeni 26-31-nji ýanwarda Kairde (Müsür) geçiriljek abraýly Karate 1 premýer-ligasynyň möwsüminiň açylyş tapgyryna gatnaşar.
Çeşme: wkf.net

Türkmen türgeni 26-31-nji ýanwarda Kairde (Müsür) geçiriljek abraýly Karate 1 premýer-ligasynyň möwsüminiň açylyş tapgyryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Karate federasiýasynda ORIENT-e gürrüň berilişi ýaly, bu ýaryşlarda Baýram Ýalkapowyň ýolbaşçylygynda birinjilige dalaş etjek Dawut Nazmyradow ýurduň ýeke-täk wekili bolar.

― Bu liga dünýä reýtinginde öňdebaryjy orunlary eýeleýän karateçiler gatnaşýar. Dawut Nazmyradow şolaryň biri boldy. Ondan gowy netijelere, iň esasysy – ýeňşe garaşýarys, - diýip, Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň wekili biz bilen öz pikirini paýlaşdy.

1-1.jpg

Dawut Nazmyradow Türkiýede, Horwatiýada, Azerbaýjanda, Çilide, Italiýada geçirilen abraýly halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, dürli derejedäki kuboklara we medallara mynasyp boldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ýaryş Halkara karate federasiýasynyň howandarlygynda geçirilýän karate ýaryşlarynyň birnäçe tapgyrynyndan ybarat. Türkmen türgeni olaryň iň abraýlysyna - premýer-liga gatnaşar.

Ondan başga-da, ýaryşa 61 ýurtdan 427 karateçi gatnaşar. Liganyň indiki tapgyrlary Rabatda (Marokko, 12-14-nji maý), Fukuokede (Ýaponiýa, 9-11-nji iýun) we Dublinde (Irlandiýa, 8-10-njy sentýabr) dowam eder.

Artur PETROSÝANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026