HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tatarstanyň Prezidenti geçiş döwri bolmazdan, rais diýlip atlandyrylar

Ýanwar 26, 2023 | 20:53 |6110
Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlary respublikanyň konstitusiýasyna sebitiň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny prezidentden "Tatarstan Respublikasynyň baştutany – raisi” adyna üýtgetmek barada girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler. Bu üýtgetmeler, Tatarstanyň häzirki baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň gutarýandygyny hasaba almazdan, kabul edilen dessine güýje girer.Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlary respublikanyň konstitusiýasyna sebitiň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny prezidentden "Tatarstan Respublikasynyň baştutany – raisi” adyna üýtgetmek barada girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler. Bu üýtgetmeler, Tatarstanyň häzirki baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň gutarýandygyny hasaba almazdan, kabul edilen dessine güýje girer.
Çeşme: president.tatarstan.ru

Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlary respublikanyň konstitusiýasyna sebitiň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny prezidentden "Tatarstan Respublikasynyň baştutany – raisi” adyna üýtgetmek barada girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler. Bu üýtgetmeler, Tatarstanyň häzirki baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň gutarýandygyny hasaba almazdan, kabul edilen dessine güýje girer.

Tatarstanyň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny üýtgetmegi teklip edýän Tatarstanyň konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek barada kanun taslamasy respublikanyň mejlisi tarapyndan 2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda kabul edilipdi. Şonda ol geçiş düzgünlerini öz içine alýardy, oňa laýyklykda, täze at Tatarstanyň diňe täze saýlanan ýokary wezipeli şahsyna degişlilikde ulanylmalydy, respublikanyň häzirki prezidentiniň wezipesiniň ady onuň ygtyýarlyk möhletiniň ahyryna çenli saklanylmagy meýilleşdirilýärdi (2025-nji ýyla çenli).

“Kabul edilen kanun geçiş düzgünlerini öz içine alýar, oňa laýyklykda täze at ... Tatarstan Respublikasynyň diňe täze saýlanan iň ýokary wezipeli şahsyna degişlidir.

Şeýle-de bolsa, goşmaça geňeşmelerden soň ... geçiş döwründen ýüz öwürmek kararyna gelindi"- diýip, Döwlet gurluşyk we ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça döwlet geňeşiniň komitetiniň başlygy Albert Habibullin parlamentiň penşenbe güni geçirilen mejlisde aýtdy.

Ol umuman, üýtgeşmeleriň respublikanyň konstitusiýasynyň 60 maddasyny öz içine alýan alty bölüme girizilýändigini aýtdy. Mundan başga-da, kanun taslamasy tarapyndan iki sany täze madda girizilýär, respublikanyň konstitusiýasynyň 25 kadasyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek teklip edilýär.

Mejlisiň deputatlary sesleriň köplügi bilen respublikanyň esasy kanunyna girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026