HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Döwlet baştutanyna gutlag hatyny ýollady

Ýanwar 27, 2023 | 21:47 |5267
Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BerdimuhamedowaOnuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Çeşme: Watan

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Döwlet baştutanyna gutlag hatyny ýollady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

27-nji ýanwarda täjik-türkmen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 30 ýyl doldy.

Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly sene mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Täjigistanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk däpleri köpasyrlyk taryha eýedir.

Täjigistan bilen Türkmenistanyň köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň pugta binýada eýedigi we onuň özara bähbitleriniň dürli ugurlaryny öz içine alýandygy hem-de häzirki wagtda strategik gatnaşyklaryň täze derejä çykandygy kanagatlanma döredýär.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, taraplaryň ýokary derejede geçirilýän yzygiderli gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň öňe ilerledilmegindäki ähmiýetini bellemek isleýärin.

Biz bu ugurdaky bilelikdäki tagallalarymyzy mundan beýläk-de dowam ederis. Öňde boljak duşuşyklarymyzyň dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigine, giňeltjekdigine hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine onuň täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026