

Özbegistanlylar möhleti geçen harytlar barada maglumat üçin sylaglanarlar
Özbegistanda ulanmaga ýaramsyz we saklaýyş möhleti geçen harytlar barada habar beren sarp edijiler sylaglandyrylar. Bu barada «Ilaty hilli sarp ediş harytlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen goşmaça çäreler barada» prezidentiň 4-nji apreldäki kararynda aýdylýar, - diýip Sputnik Özbegistan Respublikanyň Adalat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanýar.





















