

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň baştutanlygynda 7-nji maýdan 10-njy maýa çenli Londonda geçen Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy.


Türkmen wekiliýeti Bilim ministri Gurbangül Ataýewanyň baştutanlygynda 7-nji maýdan 10-njy maýa çenli Londonda geçen Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy.


Türkmenistan üçin Täjigistan Respublikasy – gatnaşyklary uzak möhletleýin gurulýan möhüm we ygtybarly hyzmatdaşdyr. Iki döwlet hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halkymyzyň peýdasyna bolup, durnuklylyga we sebitleýin hem-de halkara işleruň ösmegine goşant goşýandygyna düşünýär we ynanýar, - diýip Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.


«Türkmenfilm» kinostudiýasynyň režissýory Salyh Baýramowyň «Daragt» («Agaç») çeper filminiň ilkinji görkezilşi çarşenbe güni paýtagtyň «Aşgabat» kinoteatrynda geçirildi. Filmiň Beýik yeňiş baýramçylygy günlerinde görkezilmegi ýönelikden daldir. Sebäbi täze melodramada 1941-1945-nji ýyllardaky uruş wakalary hem-de adamsyny urşa ugradan we hatda Beýik Watançylyk urşy gutarandan soňam uzak ýyllar onuň öýüne gaýdyp gelerine garaşýan türkmen zenany Näzigiň ykbaly barada gürrüň berilýär.


Täjigistan tarapy, ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlykda täze sahypa açýan Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerine ýokary baha berýär. Bu beýanat Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan metbugata berdi.


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan «Türkmenistanyň hökümeti, Azerbaýjan respublikasynyň hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany» tassyklamak barada karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çarşenbe güni Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda täze mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna uzakdan gatnaşdy.


Türkmen žurnalistleri üçin KHBS-de adam hukuklarynyň meselelerini beýan etmek boýunça onlaýn-seminar öz işine başlady. Oňa gazetleriň we žurnallaryň, telewideniýäniň, maglumat onlaýn-neşirleriň işgärleri, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary, şeýle hem jemgyýetçilik birleşmeleriniň hünärmenleri gatnaşýarlar.


Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan we Täjigistan Respublikasy strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamany kabul etdiler – diýlip, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet baştutanynyň resmi saýtynda çap edilen metbugat üçin beýanatynda aýdylýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň baştutany Emomali Rahmonyň giňeldilen düzümdäki gepleşikleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek üçin çäreleri kabul etmek barada ylalaşyklar gazanyldy – diýip, TR-nyň lideriniň saýtynda habar berilýär.


Hytaýda «Týançžou-6» ýük daşaýjy kosmos gämisiniň we «Çançžen-7 Y7» raketa-göterijisiniň utgaşykly uçurulmagynyň öňüsyrasynda tamamlaýjy toplumlaýyn türgenleşikler geçirildi. Çäreler ähli ulgamlaryň gowy ýagdaýdadygyny we uçuşa doly taýýardygyny tassykladylar. Bu barada Hytaýyň pilotirleýji kosmonawtikasynyň maksatnamasynyň (CMSА) edarasynda habar berdiler.


Duşenbede Milletler Köşgüniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistanyň baştutany Emomali Rahmon tarapyndan resmi garşylanyş dabarasy boldy – diýip, TR-nyň lideriniň saýty habar berýär.


Twitteriň mikrobloklar serwisi birnäçe ýylyň dowamynda işjeň bolmadyk hasaplary aýryp başlar. Bu barada Twitteriň baş direktory Ilon Mask habar berdi.


Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň häzirki zaman dilleriň Milli uniwersitetiniň (NUML) rektory Muhammad Jafar bilen duşuşdy hem-de onuň bilen bilim pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy.


Sişenbe güni, 9-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Täjigistana geldi – diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy habar berýär.