HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary Dusti etrabynda mekdebiň gurluşygyna başladylar

Maý 10, 2023 | 21:01 |12160
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çarşenbe güni Hatlon welaýatynyň
Dusti etrabynda täze mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna uzakdan
gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çarşenbe güni Hatlon welaýatynyň
Dusti etrabynda täze mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna uzakdan
gatnaşdy.
Çeşme: president.tj

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon çarşenbe güni Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda täze mekdebiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna uzakdan gatnaşdy.

Bilim pudagynyň wekilleri we etrap aktiwistleri 540 orunlyk mekdebiň gurluşyk meýdançasyna ýygnandylar. Wideo köprüsiniň kömegi bilen döwlet Baştutanlary Magtymgulynyň adyny göterjek orta bilim edarasynyň gurluşygyna başladylar.

1.jpg

Mekdep, Dusti etrabynyň «Ergaş Soltanow» daýhan birleşiginde ýerli kompaniýa – «Döwlet Gurluşyk» HJ-i tarapyndan Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan bölünip berlen serişdeleriň hasabyna gurlar.

Gurluşyk ministrliginde ORIENT-e gürrüň berilmegine görä, «Döwlet Gurluşyk» HJ-i desganyň gurluşyk meýdançasynda topografiki gözlegleri, inženerlik we geologiki gözlegleri amala aşyrýan Täjigistanyň «Halton-Loihasoz» JÇJ-i bilen taslama işleri üçin şertnama baglaşdy. Häzirki wagta çenli bu ýerde gurluşyk meýdançasynyň çägine germew edildi, wagtlaýyn ofisler we ammarlar oturdyldy, dik meýilnamalaşdyryş işleri tamamlandy, toprak getirildi we tekizlendi, binanyň binýat çukury taýýarlandy.

Desganyň buýrujysy bolup Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasy çykyş edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026