

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji fewralda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji fewralda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy


Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi.


3-nji fewralda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa önümleri ýerlenildi.


Resmi sapar bilen Astana baran wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wise-premýeriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşleri geçirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 3-nji fewralda Tähranda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň Ýokary derejeli komitetiniň 1-nji mejlisiniň işine gatnaşdy


Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji ýanwardan 2-nji fewral aralygynda Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasy – “Rowaçlyk partiýasynyň” ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça 2-nji gurultaýyna gatnaşmak üçin Addis Abebada saparda boldy


2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Belarusyň Hökümeti işden gitdi diýip, BELTA habar berýär.


2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn-umumy okuwy geçirildi. Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäklerinde guralan okuw gümrük bahalandyrma, şol sanda geleşigiň bahasynyň hasaplanylmagy, korrektirleme we bahalandyrmanyň goşmaça usullary babatda bilimleriň çuňlaşdyrylmagyna bagyşlandy.


Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäheriniň Türkmen köpçülikleýin-medeni merkeziniň 30 ýyllygyna hem-de Gazagystanyň Halk assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärä Dünýä türkmenleriň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary, Gazagystanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türki halklaryň medeni Gaznasynyň prezidenti, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň etnik medeni merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Almaty şäheriniň Akimatynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň DIM-iň wekilleri gatnaşdy.


Las-Wegasda Microsoft Excel boýunça Dünýä çempionaty tamamlandy. Bu ýaryş elektron tablisalary bilen işlemegiň höwesjeňleri we ussatlary üçin hakyky şüweleňe öwrüldi.


Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi


31-nji ýanwarda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa önümlerine isleg bildirildi.


Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPECA) başlyklygyna bagyşlanan utgaşykly görnüşde duşuşyk gurady


Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasynyň ýardam bermeginde “2022-2024-nji ýyllar döwri üçin Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gullugynyň ösdürilmegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy” atly taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň milli barlaghana gullugynyň kuwwatyny pugtalandyrmak üçin çäreleriň täze meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin maslahat geçirdi.


30-njy ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde nebit-himiýa we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.