Samsung
wakalar
06.09.2022 16:08
1404
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Bagdat Amreýewi kabul etdi, söhbetdeşligiň dowamynda myhman özi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramanyň Türkmenistan bilen öndürijilikli gepleşikleri ösdürmäge bolan gyzyklanmasyny tassyklady.
03.09.2022 06:12
1185
Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi ýerli işewürlige güýçli täsir eder. Oňa, bir tarapdan, bäsdeşligiň artmagyna duçar bolmak garaşýar, beýleki tarapdan bolsa – telekeçilere önümeri we hyzmatlary daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikler açylar.
27.08.2022 19:48
1442
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordenini bermek baradaky Permana gol çekdi – diýip, Interfax, hukuk maglumatlary resmi portalyna salgylanmak bilen, habar berýär.
27.08.2022 02:50
1500
Hepdäniň anna güni Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Wladimir Norowyň gatnaşmagynda DIMara syýasy geňeşmeler geçirildi.
18.08.2022 06:12
1925
Awazada Global tranzit resminamasynyň (GTrD) synag taslamasynyň açylyş dabarasy geçirildi, bu blokchein tehnologiýasyny ulanmagyň hasabyna ulagyň ähli görnüşlerinde hökmany gümrük gözden geçirilişi bolmazdan, konteýnerler bilen birnäçe serhetleriň üstünden daşamagy üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
17.08.2022 21:17
1810
Türkmenistan Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatyň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekdi.
17.08.2022 15:50
1334
2022-nji ýylyň 15-nji we 16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Jemleýji beýannamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.
17.08.2022 15:34
1307
Ulag-logistika ugurlaryny açmak we Türkmenbaşy portunyň Dubaýyň, Abu-Dabiniň portlary bilen hyzmatdaşlygyny ýola goýmak, türkmen portunyň dünýä deňiz portlary ulgamyna birleşmek mümkinçiliklerini wise-premyer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazrui ara alnyp maslahatlaşdylar.
17.08.2022 15:26
1050
Ulag aragatnaşygy biziň ýurtlarymyzyň geljegi üçin, hususan-da, söwdanyň bahasyny peseltmek we dünýä bazarlaryna çykmagy gowulandyrmak, ykdysadyýetleriň we adamlaryň birleşmegine ýardam etmek, şeýle hem DÖM-na ýetmek üçin möhümdir.
17.08.2022 00:02
1650
Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Awazada geçirilen Utgaşdyryjy geňeşiniň ikinji mejlisinde Türkmenistan, Eýran, Özbegistan we Gazagystan Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyga (Aşgabat ylalaşygy) Goşmaça teswirnama gol çekdiler.