Samsung
wakalar
16.08.2022 06:15
1571
Duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň maslahatyna gatnaşýan wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň binräçesini geçirdi.
13.08.2022 18:45
1608
Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümete 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet Geňeşini geçirmek üçin taýynlyk görmegi tabşyrdy diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
12.08.2022 00:34
1707
26-27-nji oktýabrda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022" (OGT-2022) atly 28-nji Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Baýry forum "Türkmen Forum" HJ bilen hyzmatdaşlykda "Türkmengaz", "Türkmennebit" Döwlet konsernleri we "Türkmengeologiýa" Döwlet korporasiýasy tarapyndan guralar.
09.08.2022 16:07
1569
Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty bir hepdeden, 15-16-njy awgustda Türkmenbaşy şäherinde, Awaza şypahana zolagynda geçiriler. “Aragatnaşyklary gowulandyrmak üçin maliýeleşdirmek” forumyň esasy meselesi bolar.
08.08.2022 21:58
1849
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyndaky Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy – diýip, resmi KHBS ýazýar.
06.08.2022 20:45
3480
Aşgabatda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi öz işine başlady, oňa 120-ä golaý döwlet we hususy kärhanalarynyň, ylmy edaralaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.
05.08.2022 03:07
1587
Aşgabatda 6-njy awgustda "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2022" atly halkara sergisi we maslahaty açylar. Sergi Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanýar.
02.08.2022 19:40
1437
Şenbe güni Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Howpsuzlyk boýunça Iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis bu görnüşdäki ilkinji ýygnak bolmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew häzirki duşuşygyň halkara howpsuzlygynyň möhüm meseleleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geňeşmeleriň esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.
02.08.2022 19:37
3129
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç yglan etdi – diýip, Türkmen döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.
31.07.2022 18:32
3528
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezmämmet Şyhmämmedowy türkmen paýtagtynyň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belledi.