Samsung

Wakalar

26.05.2025 19:45
322
26-njy maýda, duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
24.05.2025 23:25
332
24-nji maýda Pekinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi
21.05.2025 22:00
305
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde 20–21-nji maý aralygynda Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza döwlet baştutanlarynyñ resmi däl sammiti geçirildi. Bu gurama türki döwletleriniň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredilen halkara guramadyr. Guramanyň doly hukukly agzalary: Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Türkiýe we Azerbaýjan. Wengriýa bilen Türkmenistan bolsa synçy ýurt hökmünde gatnaşýarlar
21.05.2025 13:30
783
Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özarabaglanyşyk boýunça şu günki Termez dialogy sebitdäki meselelere bilermen derejesinde çuňňur aralaşmak bilen tapawutlandy
21.05.2025 03:15
290
20-nji maýda, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi. Duşuşyk Türkmenistanyň halkara giňişliginde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim boldy
21.05.2025 01:45
384
20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
20.05.2025 15:05
679
Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk baradaky Termez dialogy şu gün öz işine başlady. “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” diýen şygary bilen geçirilen forum ilkinji minutlarda ýokary dereje gurnalandygyny we gatnaşyjylaryň konstruktiw dialoga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi
20.05.2025 06:14
244
19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
19.05.2025 15:30
454
Şu gün Mazary-Şarifde halkara ähmiýetli möhüm çäre geçirildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan gurnalan tegelek stoluň başyna sebit we halkara derejesindäki möhüm wekiller ýygnandylar
18.05.2025 14:25
492
Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky baglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji duşuşygy: “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” atly temasy 2025-nji ýylyň 19-21-nji maý aralygynda Termezde geçiriler