Samsung
ykdysadyýet
17.09.2022 14:27
1034
Türkmenistan ŞHG bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin açyk we munuň üçin diňe bir anyk mümkinçilikler däl, eýsem obýektiw zerurlyk hem bar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow ŞHG agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň giňişleýin geňeşiniň mejlisinde aýtdy, mejlise türkmen Lideri hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
17.09.2022 05:56
1131
Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Aşgabatda işgär gözlegi meselelerine we hususy kompaniýalar üçin hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiliklerine bagyşlanan çäreleriň tapgyryny geçirdi.
17.09.2022 03:32
1148
Penşenbe güni, 15-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $21,5 million we 18,5 million manat bolan 20 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
16.09.2022 22:25
2564
Samarkantda ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde HHR-niň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň barşynda türkmen tarapynyň Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak baradaky teklibini goldady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
16.09.2022 04:57
1802
ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellediler diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýty habar berýär.
15.09.2022 16:13
1149
Sişenbe güni, 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we ýokary dykyzlykly polietilen uly islegden peýdalandy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
15.09.2022 05:33
1611
Ulag-logistika hyzmatdaşlygy çarşenbe güni Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Eýranyň lideri Ybraýym Raisiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň mowzuklaryndan biri boldy.
15.09.2022 04:41
1023
2022-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda Türkmenistandan Gyrgyzystana 1,2 milliard kilowat-sagat elektrik energiýasy ugratdy diýip, Gyrgyzystanyň ýerli metbugaty ýurduň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär.
14.09.2022 04:53
1427
Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 53,4% ýokarlandy. Bu san HHP-nyň Baş gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna salgylanýan “China Daily” neşiriniň 12-nji sentýabrda çap edilen sanyndaky "Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary berkidýär" atly makalasynda getirildi.
11.09.2022 17:18
1906
Anna güni, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $13,4 million we 30,6 million manat bolan geleşikleriň 28-si baglaşyldy diýip, ORINET-iň habarçysy habar berýär.