Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň döwlet gullugy ulgamyny ösdürmek, onuň işini döwrebap özgertmek, döwlet gullukçylarynyň täze neslini kemala getirmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wezipelerine laýyklykda, döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynyň meseleleri boýunça gazanylan tejribeleri açyp görkezmek we daşary ýurtlarda bu ugurda edilýän işler bilen diňleýjileri tanyşmak maksady bilen, daşary ýurt döwletleriniň ugurdaş okuw we ylmy-barlag merkezlerinden bilermenleri bilen tejribe paýlaşmak işi däbe öwrüldi.

Türkmen akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda gol çekilen gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, ylalaşygy durmuşa geçirmegi dowam etmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň maý aýynda Akademiýanyň binasynda «Ýaşyl ykdysadyýet we sebitiň durnukly ösüşi» atly hünär ýokarlandyryş maksatnamasy boýunça bilelikde gurnan gysga möhletli okuwlary 2026-njy ýylyň maý aýynyň 19-22-i aralygynda geçirilýär.
Gysga möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň bilermenleri alyp barýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 6-12-nji oktýabry Aşgabat şäherinde geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriň Türkmenistana saparynyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy bolup geçdi.
Şol sanda hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwlet gullukçylarynyň hünärini kämilleşdirmek bilen bagly bolan möhüm işleri bolan dolandyryşyň ugurlary, ýagny sanly dolandyryş, döwlet dolandyryş, adam serişdelerini dolandyryş, ylym we bilim işlerini dolandyryşy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw maksatnamalaryny işläp düzmek, uzak aralykdan sanly ulgam arkaly okuw sapaklaryny geçirmek, professor-mugallymlaryň hem-de diňleýjileriň okuw saparlaryny gurnamak meseleleri öz içine alýar.

Geçirilen gysga möhletli okuw maslahatlarynyň dowamynda “Durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde global tendesiýalar we strategiki ileri tutmalar”, “Durnukly ösüşde maýa goýum”, “Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini kesgitlemek”, “Jemgyýetçilik syýasatyny durmuşa geçirmekde maksatnamalaýyn çemeleşmeler”, “Durnukly ösüşde jemgyýetçilik syýasatyň orny”, “Sebitiň durnukly ösüşinde strategiki meýilleşdiriş” ýaly temalar boýunça maslahat edildi.
Okuwlarda zähmet potensialyndan doly peýdalanmak arkaly edaranyň işgärlerini dolandyrmak we utgaşdyrmak bilen baglanyşykly gatnaşyklar ulgamy, dolandyryşda strategiki dolandyryşyň ähmiýeti we işe edýän täsiri, bütin dünýäde dolandyryjylarda bolmaly esasy başarnyklar, aýratyn zehinleri dolandyrmagyň täsiri, işgärleriň zehinini kämilleşdirmek we olary dolandyrmakda häzirki zaman höweslendirmeler, dolandyryş işinde sanly tehnologiýalaryň orny, onuň täsiri we ähmiýeti hem-de bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler, dolandyryşyň gurallary we aýratyn innowasion çemeleşmeler, işgärler ätiýaçlygy we öndürijilik dolandyryş ulgamy, ýaly ugurlar barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Şeýle okuwlaryň geçirilmegi strategiki meýilnamalaşdyryşda, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bähbitli hyzmatdaşlygy we döwlet gullugynda sanly ulgamy ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
