
Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Ylmy-maglumat merkezi (DÖDT ÝMM) Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy – Ählumumy Ekologik Gaznasy we Türkmenistanyň degişli pudak edaralary bilen bilelikde, ýerleriň zaýalanmagynyň bitarap deňagramlylygyň ýörelgelerini ýer ulanyş boýunça döwlet syýasatyna ornaşdyryp başladylar.
2026–2028-nji ýyllar üçin Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamasy bilen utgaşdyrylan bu işleriň esasy ugry — döwrebap GMU-tehnologiýalaryna geçmek we emeli hemralardan alnan ýerleri uzakdan zontlamak maglumatlaryny ulanmakdyr. Täzelenýän milli gözegçilik ulgamynyň binýadyny bilermenleriň ýakynda Lebap we Daşoguz welaýatlaryna guran meýdan ekspedisiýalarynyň amaly netijeleri düzdi.
Gidilip görlen ýerlerde toplanylan uly göwrümli maglumatlar, öri meýdanlaryndaky, suwarylýan ýerlerde we goralýan tebigy zolaklardaky zaýalanan ýerleriň ýerli «gyzgyn nokatlaryny» BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasynyň halkara standartlaryna laýyklykda tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Alnan maglumatlar dolandyryş çözgütlerini operatiw kabul etmäge we topragyň ýagdaýyny çaklamaga mümkinçilik berjek bitewi sanly maglumatlar binýadyny döretmek üçin esas bolar.
Munuň bilen bir wagtda, Türkmenistanda Çölleşmä garşy göreşmek baradaky milli hereketler maksatnamasynyň täze redaksiýasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýöriteleşdirilen Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç öwrenilýär. Bu bolsa Aşgabadyň sebitiň ekologik howpsuzlygy meselelerinde esasy bilermenler meýdançasy hökmündäki derejesini berkider.