Bristol uniwersitetiniň alymlar topary kardiologiýa we nefrologiýa ugurlarynda uly öňegidişlik gazanyp, gizlin damar kesellerini ýüze çykarmagyň innowasion usulyny döretdi.
Nature Communications žurnalynda çap edilen ylmy işiň netijelerine görä, alymlar glikokaliksiň ýagdaýyny bahalandyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Glikokaliks — gan damarlarynyň içki ýüzüni örtüp duran örän inçe goragly belok-şeker gatlagydyr. Şol mikroskopik gurluşyň zeperlenmegi ýürek-damar keselleriniň we böwrek işiniň bozulmagynyň iň irki alamaty bolup durýar.
Barlagyň awtorlary ganyň aýlanyşy wagtynda eritrositleriň kapillýarlaryň diwarlary bilen yzygiderli täsirleşýändigini we özlerinde damar ulgamynyň ýagdaýynyň anyk biohimiki “yzyny” saklaýandygyny subut etdiler. Täze usul adaty gan derňewiniň kömegi bilen şol markerleri okap, howply ulgamlaýyn üýtgeşmeleri alamatlary ýüze çykmadyk döwürde anyklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle döwürde adaty kliniki synaglar heniz hiç hili bozulmany görkezmeýär.
Bu tehnologiýanyň giň lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy öňüni alyş bejergisine bolan çemeleşmeleri düýpgöter üýtgedip, yzyna gaýtaryp bolmaýan dowamly keselleriň ösüşiniň öňüni almaga mümkinçilik berer.
