
3-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky geljek bäş ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlän ähmiýetli gol çekişlik dabarasy boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Hökümeti bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekdiler. Bu resminama 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt Maksatnamasyny amala aşyrmagyň strategik we maliýe esasyny goýdy.
Täze ylalaşyk Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ýurduň durmuşynyň esasy ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak üçin döwlet we halkara serişdelerini has netijeli jemlemäge mümkinçilik berer.
“Şu günki gol çekişlik BMGÖM bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky berk hyzmatdaşlygy we biziň ýurduň durnukly geljegine maýa goýmak baradaky umumy ygrarlylygymyzy görkezýär, — diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belledi. — Çarçuwaly ylalaşyk hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek we adamlaryň durmuşyny gowulandyrýan innowasion çözgütleri kabul etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär”.
Ylalaşygy ösdürmegiň çäklerinde, BMGÖM we ýurduň ministrlikleri üç sany anyk taslama resminamalarynyň toplumyna gol çekdiler. Olaryň ählisi BMGÖM tarapyndan çekilen daşary serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär we düýpli özgertmelere gönükdirilendir:
Adama maýa goýmak (Bilim ministrligi): Adam maýasyny strategik meýilleşdirmegiň Milli ulgamyny döretmek boýunça taslama işe girizilýär. Bu uly maglumatlara esaslanan häzirki zaman sanly platforma bolar. Ol bilim maksatnamalaryny zähmet bazarynyň hakyky islegleri bilen utgaşdyrmaga we demografik serişdeleri ykdysady ösüşe gönükdirmäge ýardam eder.

Sanly adalat (Ýokary kazyýet): Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny sanly ulgama geçirmek baradaky taslama kazyýet iş ýöredişini doly döwrebaplaşdyrmaga, kazyýetleriň IT-taýýarlygyny ýokarlandyrmaga we içerki hukuk amallaryny öňdebaryjy halkara standartlaryna laýyk getirmäge gönükdirilendir.

Lukmançylyk özygtyýarlylygy (Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi): Inçekesele garşy göreşmek baradaky milli maksatnamany Global gaznanyň grant goldawyndan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça taslama badalga berilýär. Keseli anyklamakda we bejermekde üstünlikli ornaşdyrylan innowasiýalar indi yzygiderli görnüşde doly döwlet maliýeleşdirilmesine geçiriler, bu bolsa milli saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny we garaşsyzlygyny üpjün eder.

Bu möhüm resminamalaryň gol çekilmegi düýpli bilmenler seljermesi bilen utgaşdyryldy. Şu gün Aşgabatda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, IV tapgyr» atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan ýöriteleşdirilen okuw maslahaty hem geçirildi.
Bu meýdançada ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri halkara hünärmenleri bilen bilelikde Milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň amaly gurallaryny seljerdiler. Hususan-da, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambulyň sebitleýin merkeziniň geňeşçisi Suren Pogosýan türkmen kärdeşlerine salgyt taýdan höweslendirmek we innowasion maliýe gurallaryny döwlet ykdysady syýasatyna ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ädimleri tanyşdyrdy.

Hut şu maliýe gurallary şu gün gol çekilen ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin esasy itergi bolar we Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli has-da hemmetaraplaýyn, sanly we durnukly ykdysadyýeti gurmaga ýakynlaşdyrar.