ORIENT | Ykdysadyýet / Işewürlik. Nodira Mansurowa Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan boýunça täze sebitleýin ýolbaşçysy wezipesine bellendi. Ol özüniň täze wezipesine 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan girişer.
Hanym Mansurowa 2021-nji ýyldan bäri ÝTÖB-niň sebitleýin wekilhanasyna ýolbaşçylyk edip gelýän Aýten Rustamowanyň deregine geçer. Täze ýolbaşçynyň iş ýeri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri bolar, şol ýerden bankyň şu üç Merkezi Aziýa döwletindäki taslamalary utgaşdyrylar.
Nodira Mansurowanyň ÝTÖB-niň düzümlerinde 25 ýyllyk iş tejribesi bar. Gelip çykyşy boýunça özbegistanly we Beýik Britaniýanyň raýaty bolan Nodira Mansurowa 2001-nji ýylda bankyň toparyna goşuldy. Bu döwürde ol Londondaky ştab-kwartirada, şeýle hem ÝTÖB-niň iş alyp barýan birnäçe esasy sebitlerinde, şol sanda Müsürde, Iordaniýada we Özbegistanda işledi. Nodira Mansurowa täze bazarlary açmak, ykdysadyýetiň pudaklaryny özgertmek, merkezleşdirmezlik, şeýle hem munisipal we ekologiýa infrastrukturasy ulgamynda giň gerimli taslamalary amala aşyrmak boýunça ýöriteleşdi.
Ol Merkezi Aziýa sebiti bilen örän gowy tanyşdyr: mundan ozal ol Almatyda ýerleşýän, ÝTÖB-niň Merkezi Aziýada kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek we ösdürmek boýunça sebitleýin ýolbaşçysy wezipesini eýeläpdi.
2021-nji ýyldan tä häzirki bellenilmegine çenli Nodira Mansurowa ÝTÖB-niň Tunisdäki wekilhanasyna ýolbaşçylyk etdi. Bu wezipede ol hususy pudakda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegi höweslendirmek bilen energetika geçiş maksatnamalaryny işjeň ilerletdi, döwlet kärhanalarynyň özgertmelerine ýolbaşçylyk etdi, şeýle hem maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, sanlylaşdyrmak we kiçi telekeçiligi goldamak meselelerine gözegçilik etdi.
ÝTÖB-niň täze sebitleýin ýolbaşçysynyň Özbegistandaky Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetinden, şeýle hem Fergana politehniki uniwersitetinden tapawutlanan diplomlary bar.
Hanym Mansurowanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamak, sanlylaşdyrmak we ekologiýa başlangyçlary babatyndaky baý tejribesiniň ÝTÖB-niň Türkmenistandaky taslamalaryna täze itergi berjekdigine garaşylýar. Bu ýerde bank hususy pudak bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýär we durnukly ykdysady ösüşe ýardam berýär.
