Her ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäheri Welosipedli ýöriş arkaly Bütindünýä welosiped gününi belleýär. Bu sene halkara senenamasyna hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen girizildi. Bu günki gün bu sene diňe bir simwoliki sene bolman, eýsem şäher gurluşygyň, ekologiýa baradaky aladanyň we döwlet syýasatynyň bitewi hem-de janly filosofiýa öwrülmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ir bilen Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanynda, däp bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky welosipedli ýöriş badalga aldy. Döwlet Baştutany bilen bilelikde ýola diplomatlar, ministrler, talyplar, professional türgenler we ýaşajyk welosipedçiler çykdylar.
Planetaň howanyň üýtgemegi we şäherleriň aşa doly bolmagy ýaly meseleler bilen göreşýän döwründe, welosiped öňdebaryjy ulag derejesini özüne gaýtaryp aldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň welosiped hereketini jemgyýetçilik ulaglary ulgamyna utgaşdyrmak baradaky Türkmenistanyň balangyjy bilen Kararnamany biragyzdan kabul etmegi bolsa munuň nyşanydyr.
Bu gün Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollaryndaky özboluşly atmosferasy bilen ýatda galdy.
Baýramçylygyň aýratyn, çuňňur ynsanperwerlik öwüşgini — oňa Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň gatnaşmagydyr. Bir gün ozal Gökderede dynç alýan çagalar türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan täze welosipedleri sowgat aldylar. Bu gün bolsa olar uly höwes bilen şol welosipedleri paýtagtyň şaýollarynda sürdüler. Olar üçin bu diňe bir sport däl-de, eýsem özleriniň uly we güýçli bir toparyň bölegidigini hakykatdan hem duýmakdyr.
Welosipedçileriň kerweni «Ruhyýet» köşgüniň ýanynda pellehanasyna ýetende bir zat aýdyň boldy: türkmen welosipedli ýörişleriniň özboluşlygy diňe bir sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekden has giňdir. Bu «sport diplomatiýasy» diýlip atlandyrylýan gurallaryň biridir. Şular ýaly köpçülikleýin welosipedli ýörişi ynsanperwer gatnaşyklaryň terjimesiz düşnükli bolan özboluşly dilidir, ol dünýäniň ýüzüne ýurduň esasy gymmatlyklaryny — açyklygy, parahatçylygy söýüjiligi we umumy durnukly geljege tarap bilelikde öňe gitmäge taýýardygyny görkezýär.
