“6 GGs” diapazonynda synag spektri üçin rugsatnama, tizligi 1 Tbit/s çenli, bökdençlikler “4G”-den müň esse az.
Bu barada — Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Anna güni ministrlik “6G” tehnologiýasyny ösdürmek üçin “6 GGs” diapazonynda synag spektriniň bölünip berilmegini tassyklady.
Rugsatnama “6G”-ni ösdürmek bilen meşgullanýan “IMT-2030” öňe süriş toparyna berildi. Ol tehnologiýany aýry-aýry sebitlerde synagdan geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bu ädim tehniki barlaglary, synaglary we barlag işlerini öňe sürmäge gönükdirilendir. Işiň esasy — Halkara aragatnaşyk birleşigi tarapyndan “6G” üçin kesgitlenen esasy ssenariýler we öndürijilik görkezijileridir.
Ministrligiň beýanatyna görä, spektriniň bölünip berilmegi Hytaýyň 6G ulgamyndaky barlag, taslama, standartlaşdyrmak we ornaşdyrmak tagallalaryny çaltlandyrar. Bu şeýle hem ýurtda 6G pudagynyň ýokary hilli ösmegine ýardam eder.