Türkmenistanyň wekiliýeti atçylyk sportunyň giň gerimli halkara çärelerine gatnaşmak üçin Özbegistanda saparda boldylar. Atçylyk pudagynyň hünärmenlerini, alymlary, medeniýet işgärlerini we žurnalistleri birleşdiren bu sapar iki doganlyk halkyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Biziň wekiliýetimiz Daşkentde geçirilen üç sany çärä: atçylyk sport ýaryşlaryna, «Gündogaryň merjeni» atly halkara gözellik bäsleşigine we «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdy.
8-nji maýda «Yangi Toshkent Conference Hall» merkezinde geçirilen maslahat birnäçe ýurtlaryň ugurdaş bilermenleri, atşynaslaryny, seleksioner alymlaryny we diplomatlaryny bir ýere jemledi. Maslahatlar zalynyň eýwanda türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň sergisiniň guralmagy foruma aýratyn öwüşgin berdi.
«Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Özbegistandaky diplomatik wekilhanasynyň we Özbegistanyň Sport ministrliginiň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň dowamynda gutlag sözleri bilen eden çykyş etdiler. Olar çykyşynda ahalteke bedewleriniň dünýäniň iň gadymy tohumlarynyň biri hökmünde özboluşlygyny belläp geçdiler. Gatnaşyjylar 2024-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem muny doly tassyklaýandygyny nygtadylar.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Özbegistandan bolan agzalarynyň we beýlekileriň eden çykyşlarynda, Türkmenistanda bu pudagyň täze derejä göterilmegine aýratyn üns berildi. Arkadag şäherinde döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi muňa mysal bolup biler. Bu ýerlerde ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak we seleksiýa işlerini alyp barmak üçin ähli şertler döredilendir.
Daşkentde şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli edaralarynyň we okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirilip, onda tejribe alyşmagyň we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
9-10-njy maýda Daşkent welaýatynda dürli ýurtlaryň halkara hünärmenleriniň we ussatlarynyň synlamagynda atçylyk sport ýaryşlary boldy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň we Özbegistanyň Energetika ministrliginiň baýraklaryny almak ugrunda ikiýaşar atlaryň arasynda geçirilen çapyşykda “Uzbegim otlari” atçylyk hojalygynyň Pula diýen mele gysragy birinji bolup gelmegi başardy. Çekeleşikli geçen ýaryşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gadymydag atly bedew pellehanadan ikinji, şol toplumyň Gazaply diýen bedewi bolsa üçünji bolup geçdi.
Dört we uly ýaşar atlaryň arasynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly bedew ýeňiji bolmagy başardy.
Dört we uly ýaşar ahalteke atlarynyň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny almak ugrunda 1 müň 600 metr aralyga geçirilen çapyşykda Özbegistanyň Atçylyk hojalygyna degişli Muattor-hon diýen at pellehanadan birinji bolup geçmegi başardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Güneş diýen at bolsa pellehanadan ikinji bolup geçdi.
10-njy maýda “Gündogaryň merjeni” atly halkara bäsleşiginiň çäklerinde ahalteke bedewleriniň gözelligi boýunça 22-nji dünýä çempionaty geçirildi. Oňa alty sany ýurtdan: Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan gelen bedewler gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi dünýä çempionatynyň absolýut ýeňijisi boldy. Eminler ony biragyzdan absolýut çempion diýip yglan etdiler we bedewe «Gündogaryň merjeni» hem-de «Dünýä çempiony» diýen ýeňiş ýapynjasy ýapyldy.
Ariý we Altynbaş diýen atlaryň nesli bolan we meşhur Skakyň ugruna degişli bolan Aýgytly, öz seýsi — Türkmenistanyň halk atşynasy Kakamyrat Agamyradowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň baş baýragyny, ýeňil awtomobiliň açaryny, kubogy we hormat hatyny getirdi.
Iki ýaşar atlaryň arasyndaky bäsleşikde bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli Meledag (dymygala we Fartuna diýen atlaryň neslinden bolan, meşhur Fakirpälwanyň ugruna degişli) dünýä çempiony diýlip yglan edildi. Seýis R.Dowadowa gözellik bäsleşiginiň çempionynyň kubogy, hormat haty we gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.
Bu bäsleşikde ikinji orny Özbegistandan Manoli-Hon, üçünji orny bolsa Täjigistandan Raýd eýeledi. Üç ýaşar atlaryň arasynda Özbegistandan Zamin-Hon ýeňiji boldy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Güneş atly bedewi ikinji, Murod-Hon bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Dörtýaşar atlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde B.Ibodullaýewiň hojalygyna degişli Melikuş-Hon atly bedew ýeňiji bolmagy başardy. Ikinji baýrakly orna A.Muhamedowyň hojalygyna degişli Sanat-Hon atly bedew mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Sahabatly diýen bedewi bolsa baýrakly üçünji orundan paýly boldy.
Gysraklaryň arasynda geçirilen gözellik bäsleşiginiň absolýut çempiony diýen ada Özbegistandan gatnaşan bedew mynasyp boldy. Bedewiň seýsine Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary, kubok we Hormat haty gowşuryldy.
