Londonda, Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş edara binasynda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň hususy böleginiň wekillerini birleşdirýän işewürlik saparyna badalga berildi. Şu ýylyň 11–15-nji maý aralygynda geçirilýän bu çäre söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, göni B2B gatnaşyklary ýola goýmaga we türkmen işewürleriniň britan hem-de Ýewropa bazarlaryndaky eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Bu başlangyçTürkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Günbatar London Söwda -senagat edarasy we TurkmenExpo hususy kärhanasynynyň gatnaşmagynda hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzümi öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar 20 milli kompaniýanyň wekillerinden ybaratdyr. Britaniýa tarapyndan bolsa sapara 40 gowrak gurama we kärhana gatnaşýar. Olaryň hatarynda Range Rover, Primark, Shell, Score, APM Fresh, Fieldfisher, Make UK, Berkeley Group ýaly dünýä belli kompaniýalar we brendler, şeýle hem Cambridge University, Brunel University London, University of West London, Sanderson Design Group we Smart Currency Exchange bar.
Resmi açylyş dabarasy Günbatar London Söwda-senagat edarasynyň baş direktory Alan Raýdsyň gutlag sözi bilen başlandy. Ol Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewürlik gatnaşyklaryny berkitmegiň ähmiýetini nygtap, britan işewürleriniň Merkezi Aziýa bazaryna bildirýän gyzyklanmasynyň ýokarydygyny belledi. Hepdäniň dowamynda britan kompaniýalary iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Türkmenistana sapar guramak mümkinçiligine serederler.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol ýurduň hususy bölegini ösdürmekde we türkmen önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi. Açylyş dabarasyndan soň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gysgaça tanyşdyryş çykyşlary geçirildi.
Esasy üns agro-azyk senagatyna, dokma pudagyna, bilime, syýahatçylyga we gurluşyk ulgamyna berildi.
Günüň ikinji ýarymynda işewürlik missiýasynyň gatnaşyjylary üçin göçme tanyşdyryş saparlary guraldy. Hepdäniň dowamynda olara täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen B2B duşuşyklaryň, pudaklaýyn gepleşikleriň hem-de işewürlik saparlarynyň tapgyry garaşýar.
