Anna güni, 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanynyň garamagyna täze kafedrany açmak baradaky Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan resminama — döwlet Baştutanynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Halkara forumynda öňe süren Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky giň gerimli başlangyjyny durmuşa geçirmekdäki ilkinji amaly ädimdir. Giň halkara goldawyna eýe bolan we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan bu pikir, Uniwersiteti Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda döretmegi göz öňünde tutýar.
Ilkinji tapgyr hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda parahatçylyk we bitaraplyk boýunça täze ýöriteleşdirilen kafedrany açmak barada resminamany kabul etdi. 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap, bu kafedrada magistrleri okatmak işi guralar. Taslama giň halkara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar: täze döredilen kafedra Türkmenistanyň DIM-niň HGI-si bilen BMG-niň Kosta-Rikadaky Parahatçylyk uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamany baglaşmak meselesini öwrenmek tabşyryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Kararynda, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-ne Bilim ministrligi bilen bilelikde bir aý möhletde halkara standartlaryna laýyk gelýän «Parahatçylyk we bitaraplyk» ugry boýunça magistr okuw meýilnamalaryny taýýarlamagy hem-de tassyklamaga hödürlemek bellenilen. Döwlet Baştutanynyň bu karary, dünýä giňişliginde Türkmenistanyň bähbitlerini mynasyp goramaga ukyply hünärli diplomatik işgärleri taýýarlamagy üpjün etmek bilen, bu ugurdaky ylmyň we bilimiň ösmegi üçin ygtybarly binýady goýýar.
