5–8-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynda korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meselelerine, şeýle hem aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly okuw sapaklaryny gurady. Çärä ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Bu okuw moduly täze nesil hünärmenlerini dogruçyllyk, döwlet dolandyryşynyň ýokary ahlak ýörelgeleri we jemgyýetleriň durnukly ösüşine ygrarly ruhda kemala getirmekde möhüm ädim boldy.
Aýlawly ykdysadyýete bagyşlanan bölümde halkara bilermeni Andriý Worfolomeýew bu ulgamyň esasy ýörelgeleri, düşünjeleri we işewürlik modelleri bilen tanyşdyrdy. Esasy üns serişdeleri netijeli peýdalanmaga, önümçilik we sarp edişiň durnukly modellerini ornaşdyrmaga, şeýle hem ÝHHG-ä gatnaşyjy döwletleriň milli derejede aýlawly çemeleşmeleri ilerletmek boýunça öňdebaryjy tejribelerine gönükdirildi.
Okuwyň logiki dowamy hökmünde korrupsiýanyň, şol sanda ekologiýa ulgamyndaky korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça seminar geçirildi. ÝHHG-niň bilermenleri doktor Ýewgeniý Burdelnyý we doktor Elton Kendro talyplara dogruçyllygyň hem-de döwlet dolandyryşynyň ýokary ýörelgelerini tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar döwlet dolandyryşynda korrupsiýanyň öňüni almak boýunça düşünjeler we amaly çemeleşmeler barada maglumat aldylar.
Şeýle-de ÝHHG-niň aç-açanlygy we hasabatlylygy ilerletmek boýunça öňdebaryjy tejribelerine, ekologiýa ulgamyndaky korrupsiýa töwekgelçiliklerine hem-de olary azaltmagyň gurallaryna aýratyn üns berildi.
ÝHHG-niň Albaniýadaky wekilhanasynyň döwlet dolandyryşy bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji doktor Ýewgeniý Burdelnynyň belleýşi ýaly, «korrupsiýa diňe maliýe serişdeleriniň biderek sarp edilmegi däl. Ol adamlary adalatdan mahrum edýär, ynamy gowşadýar we ösüş mümkinçiliklerini çäklendirýär». Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda talyplar bilen alnyp barylýan işler geljekde jemgyýetlerde dogruçyllygy we durnukly ösüşi ilerledýän güýçli institutlary döretjek hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
Öz gezeginde ÝHHG-niň Albaniýadaky wekilhanasynyň milli maksatnama işgäri doktor Elton Kendro «ekologiýa korrupsiýasynyň we jenaýatçylygyň ilatyň saglygyna, tebigy baýlyklara we durnukly ösüşe gönüden-göni täsir edýän döwlet dolandyryşy hem-de howpsuzlyk meseleleri hökmünde barha köp ykrar edilýändigini» aýtdy. Ol ekologiýa jenaýatlaryna garşy göreşmekde pudagara hyzmatdaşlygy goldamak boýunça Albaniýanyň tejribesini mysal getirip, has ýakyn utgaşdyrylyşyň beýleki ýurtlarda öňüni alyş çärelerini we hasabatlylygy güýçlendirmek üçin amaly nusga bolup biljekdigini belledi.
Okuwyň çäklerinde geçirilen interaktiw çekişmeler talyplara ykdysady hem-de ekologiýa syýasatyny işläp taýýarlamakda dogruçyllyk ýörelgesiniň ähmiýetini seljermäge mümkinçilik berdi. Çäre korrupsiýa garşy mehanizmler we durnukly ösüş çemeleşmeleri boýunça bilimleriň çuňlaşmagyna ýardam edip, ekologiýa özgertmeleriniň döwlet dolandyryşyndaky aç-açanlyk we hasabatlylyk ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
