
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň CNPC «International Ltd.» Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde «SOLAR PD(B) kompressorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak» boýunça № CIT-26022-MR arzasy esasynda öňünden saýlama (predkwalifikasiýa) işini yglan edýär.
Islendik gyzyklanma bildirýän kompaniýa aşakdaky resminamalary hödürläp, gatnaşmak üçin arzasyny tabşyryp biler:
Gatnaşmak üçin arza
• Kompaniýa we onuň esasy iş ugurlary barada gysgaça maglumat
• Soňky 3 ýylyň dowamynda şuňa meňzeş amala aşyrylan üpjünçilikler boýunça tejribe
• Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamasy
Arzalary tabşyrmagyň möhleti — köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen gününden başlap 7 (ýedi) senenama gününiň dowamynda. Görkezilen möhletden soň tabşyrylan predkwalifikasiýa resminamalary kabul edilmez.
Senesi:
04.05.2026 – 10.05.2026
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň predkwalifikasiýa resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanyp, tikilen we sahypalary belgileniln görnüşde, möhür bilen tassyklanan, howa geçirmeýän ýapyk bukjalarda, ugradyş hat bilen bilelikde (1 asyl nusga we 1 göçürme) tabşyrylmalydyr. Resminamalaryň doly toplumynyň skanirlenen görnüşini goşmak hökmanydyr.
Bukjada alyjynyň we iberijiniň ady, şeýle hem arzanyň belgisi we ady görkezilmelidir.
Gatnaşmagyň şertleri we predkwalifikasiýa resminamalary boýunça goşmaça maglumatlary aşakdaky salgy arkaly alyp bolýar:
Salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistan, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Habarlaşmak üçin jogapkär:
Şasoltan Hasanowa
Telefon:
+993 (12) 44-52-00 (5701)
Faks:
+993 (12) 44-50-44
ORIENT