8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda doly gurlan bu gämi, milli deňiz pudagynyň ösüşinde we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň berkemeginde täze bir sahypany açýar. Bu waka, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurduň halkara ähmiýetli ulag we sebitdäki iň iri logistika merkezine öwrülýändiginiň aýdyň tassyklanmasy boldy.
Dabarada eden çykyşynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, üstaşyr we halkara ýük daşamalaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. «Türkmenistan “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günüorta” ugurlary boýunça transmilli geçelgeleri ösdürmekde esasy orny eýeleýär».

Ýurdumyzda täze demir we awtomobil ýollaryny, döwrebap howa menzilleri hem-de Türkmenbaşy halkara deňiz portuny öz içine alýan kuwwatly ulgamy kemala getirildi. Türkmenistan ulag diplomatiýasyny işjeň öňe sürmek we Aşgabadyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap görnüşde dikeltmek ugrunda ähli tagallalary edýär. Bu ugurda 2018-nji ýylda işe girizilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody esasy orny eýeleýär. Zawodynyň işe girizilmegi ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm waka boldy.
«Gadamly» gämisi gury ýükleri daşamak üçin niýetlenendir. Onuň ýük göterijilik ukyby 6 müň 100 tonna deňdir. Iň döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu gämi 240 sany 20 tonnalyk konteýnerleri daşamaga ukyplydyr. Bu giň gerimli gämi gurluşyk taslamasy ýerli hünärmenler, inženerler we tehnikler tarapyndan koreýaly hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda üstünlikli durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutany şu ýylyň dowamynda türkmen hünärmenleriniň Koreýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen bilelikde ýük gämileriniň ýene birini — «Menzil» ýük gämisini ulanmaga berjekdiklerini buýsanç bilen belledi. Bu döwrebap gämileriň ulanmaga berilmegi milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge, şeýle hem Türkmenistana getirilýän we Türkmenbaşy halkara deňiz porty arkaly üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Bu wakanyň taryhy ähmiýetini halkara hyzmatdaşlar hem tassykladylar. «Koryo Shipbuilding Industry Technology» (Koreýa Respublikasy) kompaniýasynyň prezidenti Çhwe Ýon-Uk täze gury ýük gämisiniň gurluşygynyň Türkmenistanyň, aýratyn-da ulag-logistika ulgamynda sazlaşykly ösýändigini görkezýändigini nygtady. Portuň esasy düzümleriniň biri bolan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody, indi halkara gatnawlary amala aşyrmaga ukyply döwrebap ýük gämilerini gurmaga hakyky mümkinçilik aldy. Bu bolsa halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek we ýurduň dünýä deňiz senagatyndaky ornuny berkitmek üçin tehniki ukyplaryň bardygyny tassyklaýar.

Bu sözleri tassyklamak üçin, Çhwe Ýon-Uk zawoda öňdebaryjy inženerçilik taslamalary we gurnama işleriniň ýokary hili üçin ýörite halkara güwänamalary gowşurdy. Fransiýanyň «Bureau Veritas Marinе and Offshore» kompaniýasynyň dolandyryjysy Samat Kamalow hem zawoda we gämä ýokary halkara standartlaryna, şol sanda ekologiýa kadalaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalary gowşurdy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Prezident Serdar Berdimuhamedowa “Gadamly” gury ýük gämisiniň ýüzüşe doly taýýardygy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutany hasabaty kabul edip, gury ýük gämisiniň gurluş aýratynlyklary we onda döredilen şertler bilen tanyşdy. Gämi gurluşygy we enjamlaşdyrylyşy babatda ýokary halkara deňizçilik kadalaryna doly laýyk gelýär. Gäminiň kapitany döwlet tarapyndan berilýän goldaw üçin Döwlet Baştutanyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi we gury ýük gämisiniň ulanmaga berilmegine ak pata bermegini haýyş etdi, şondan soňra ýörite düwmäni basyp, gäminiň kuwwatly esasy dwigatelini herekete girizdi.

Bu taryhy waka Türkmenistan üçin halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini netijeli ulanmaga giň mümkinçilikleri açýar we Türkmenbaşy portunyň «Gündogar – Günbatar» hem-de «Demirgazyk – Günüorta» çatrygyndaky iň möhüm halka hökmündäki ornuny berkidýär.

