
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 2026-njy ýylyň möhüm halkara çärelerine kabul eder. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji maýda, anna güni geçirilen Hökümetiň mejlisinde Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek birnäçe ýokary derejeli forumlara görülýän giň gerimli taýýarlyklar barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Awaza yzygiderli ýokary derejeli duşuşyklary, BMG-niň howandarlygynda guralýan halkara maslahatlaryny we forumlary geçirmek üçin abraýly merkeze öwrüldi.
Güýz paslynyň iň möhüm wakalarynyň biri 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryna meýilleşdirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bolar. Bu sammit sebitara dialogyň we hyzmatdaşlygyň barha artýan ornuny görkezýär.
Onuň yzyndan, 9-njy oktýabrda Awazada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň şu ýylda GDA-da başlyklyk edýändigini nazara alyp, daşary syýasat edarasy Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde bu ýokary derejeli duşuşyga degişli taýýarlyk işlerini alyp berýarlar. Sammitleriň öňisyrasynda degişli formatlara gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlislerini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.
Awazanyň gün tertibi birnäçe möhüm forumlar bilen üsti ýetiriler. Bu ýerde «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçiriler. Munuň bilen birlikde, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahatyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
7-nji oktýabrda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmäge we durnukly ösüş maksatlaryna gönükdirilen GDA-nyň agza döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan Hazar deňziniň ekologik meselelerine üns bermek bilen, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygyny guramak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem, sebit üçin suw meselesiniň strategik ähmiýetini nazara alyp, Awazada Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini aýawly saklamak boýunça bu sebitiň döwletleriniň we Owganystanyň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Awazadaky halkara çäreleriniň bu meýilnamasy, Türkmenistanyň ählumumy we sebit derejesindäki prosesleriň işjeň hem-de jogapkärli gatnaşyjysy hökmündäki ornuny tassyklaýar.