«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender komissiýasynyň adyndan F-800 buraw nasoslary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № 2026/22 tenderiň tekliplerini kabul etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti
2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli (goşmak bilen).
Gatnaşmagyň tertibi
1. Arza tabşyrmak
Dalaşgär arzasyny aşakdaky elektron poçta salgysyna ibermeli:
KhalilulinBS@tatneft.tatar
Arza:
— kompaniýanyň resmi blankasynda taýýarlanmaly;
— şahamçanyň ýolbaşçysyna ýüzlenmeli;
— ygtyýarlandyrylan şahs tarapyndan gol çekilmeli;
— möhür bilen tassyklanmaly;
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini öz içine almaly.
Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
2. Tehniki tabşyrygy almak
Arza kabul edilenden soň, gatnaşyja görkezilen elektron poçta arkaly tehniki tabşyryk iberilýär.
3. Tender teklibine bildirilýän talaplar
— elektron faýllar görnüşinde hödürlenmeli;
— formaty: PDF (Excel görnüşinde hem gaýtalanmaly);
— arhiw: RAR formaty;
— gorag: azyndan 8 nyşandan ybarat açar sözi.
Tender teklibi «Nebit-Gaz» gazetinde we www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda tabşyrylmaly, emma iň soňky möhlet — ýerli wagt bilen 18:00-dan gijä galmaly däl (onunjy iş gününiň ahyryna çenli).
Bellenen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
+993-65-83-18-99 (MTO inženeri)
Tehniki meseleler boýunça:
+993-62-74-18-80 (baş mehanik)
ORIENT
