Çalt depginlerde ösýän tehnologiýa şertlerinde hut ýaşlar barha köp innowasiýalaryň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär, önümçilikde, sanlylaşdyrmada we inženerçilik pikirlenişinde täze çemeleşmeleri emele getirýär. Birnäçe ýyl ozal robototehnika dar ugur hökmünde kabul edilse, häzirki wagtda ol bilim we senagat gün tertibiniň aýrylmaz bölegine öwrülip, döwletiň bäsdeşlige ukyplylygyna gönüden-göni täsir edýär.

Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilen Robofest «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi diňe bir bilim çäresi bolman, eýsem has giň meýli — ulgamlaýyn, tehnologik we strategiki pikirlenip bilýän täze nesil inženerleriň kemala gelýändiginiň beýany boldy. Belläp geçmeli zat, çäräniň maglumat taýdan üpjünçiligini ORIENT agentligi amala aşyrdy we ol bäsleşigiň ýeke-täk media hyzmatdaşydy.
Şu gün ýaşlaryň ertiriň bilim ykdysadyýetiniň binýady bolup durýandygyna düşünýän ORIENT amaly başarnyklaryň, inženerçilik pikirlenişiniň we innowasiýa medeniýetiniň kemala gelýän taslamalaryna aýratyn üns berýär. Robofest «Ýaş inžener 2026» bäsleşigine goldaw bermek, bilim, ylym we tehnologiki ösüş pikirlerini durnukly ösüşiň strategiki faktorlary hökmünde öňe sürýän redaksiýa syýasatynyň dowamydyr.

Çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde "Ojar Aziýa" HK-nyň binasy saýlanyp alyndy. Soňky ýyllarda bu kompaniýa diňe ykdysady işjeňligi bilen däl, eýsem adam maýasyna goýýan maýa goýumlary bilen hem tanalýar. Şeýle başlangyçlara işewürlik tarapyndan berilýän goldaw, uzak möhletleýin ösüşiň bilim we ýaşlara goýulýan maýa goýumsyz mümkin däldigine düşünilýändigini görkezýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemläp, 200-den gowrak gatnaşyjyny we 300-den köp myhmany hem-de paýtagtyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi. Çäräniň gerimi we geografiki giňişligi tehniki ugurlara hem-de inženerçilik hünärlerine bolan gyzyklanmanyň artýandygyny aýdyň görkezýär.

Bäsleşikler dört ugur boýunça geçirildi: «Akylly önümçilik-hyzmat taslamalaşdyrmasy», «Robototehnika», «Ýaş programmistler» we «BattleBots». Şeýle format taýýarlygyň birnäçe derejesini — başlangyç programmirlemekden başlap çylşyrymly inženerçilik çözgütlerine we prototipleşdirmä çenli — öz içine almaga mümkinçilik berdi.
Günüň dowamynda gatnaşyjylar amaly taslamalardan başlap doly robotlaşdyrylan ulgamlara çenli özleriniň taýýarlan işlerini hödürlediler. Işleriň amaly häsiýeti möhüm bir meýli görkezdi: ýaşlar barha diňe nazaryýet däl-de, eýsem hakyky ykdysadyýetde ulanyp boljak çözgütleri döretmäge gönükýär.
Aýratyn üns berilmeli ugurlaryň biri hem BattleBots bäsleşikleri boldy. Bu ýerde robotlar ýörite enjamlaşdyrylan meýdançada göni garşylaşdy. Bu söweşler diňe bir tomaşa taýdan täsirli bolman, eýsem inženerçilik logikasynyň, tiz karar kabul etmegiň we konstruktorçylyk çemeleşmeleriniň hiliniň aýdyň görkezmesi boldy.

Şeýle-de bolsa, çäräniň ähmiýeti diňe bäsleşikleriň çäginden has giňdir. Robofest bir wagtda birnäçe institutlaryň — işewürligiň, bilimiň we jemgyýetçilik guramalarynyň — özara hyzmatdaşlyk platformasyna öwrüldi.
Bäsleşigiň baş hemaýatkäri hökmünde "Ojar Aziýa" HK çykyş etdi. Bu bolsa hususy pudagyň bilim gurşawynyň ösüşindäki ornunyň barha artýandygyny görkezýär. Şeýle başlangyçlara işewürlik tarapyndan berilýän goldaw, pikirleriň, bilimleriň we serişdeleriň sazlaşykly işleýän durnukly ekoulgamyny emele getirýär.
Guramaçylyk goldawyny Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi, şeýle hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi üpjün etdi. Olaryň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň we tehniki bilimiň ösüşine ulgamlaýyn çemeleşilýändigini görkezýär.
Öz gezeginde, bilelikde guramaçy hökmünde TMT Consulting Group we "Amatly Çözgüt" HJ çykyş edip, taslamanyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegini — utgaşdyrmadan başlap tehniki üpjünçilige çenli — üpjün etdiler. Şeýle hyzmatdaşlyk görnüşi her tarapyň umumy netijä goşandyny goşýan täsirli modeli görkezýär.
Bäsleşik maksatnamasy bilen bir wagtda meýdançada Aşgabatdaky okuw merkezleriniň ýarmarkasy hem-de güýmenje çäreleri geçirildi. Bu bolsa çäräniň tomaşaçylar gerimini giňeldip, oňa has açyk we inklýuziw häsiýet berdi.
Netijeler — mümkinçilikleriň beýany
«Akylly önümçilik-hyzmat taslamalaşdyrmasy» ugrunda ýokary derejeli döredijiligi we inženerçilik çemeleşmesini görkezýän taslamalar hödürlendi. Gatnaşyjylaryň arasynda Aşgabatdaky Amerikan Merkeziniň, şäheriň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň hem-de öňdebaryjy tehnologik ýokary okuw mekdebiniň wekilleri bar.
Bäsleşikleriň netijeleri gatnaşyjylaryň ýokary taýýarlyk derejesini we ýaşlaryň inženerçilik hem-de IT ugurlaryna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny aýdyň görkezdi.
«Robototehnika» kategoriýasynda Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary ynamly ýeňiş gazanyp, robotlaşdyrylan ulgamlary gurmak we programmirlemek boýunça ýokary taýýarlygyny subut etdiler. Birinji orny Aznaur Çolukow, ikinji orny Orazniýaz Rejepow, üçünji orny Arslan Babajiýew eýeledi.
Şeýle hem «BattleBots» ugrunda göreş örän dartgynly we tomaşaçylykly boldy. Bu ýerde ýeňiş gazanan Ýusup Geldiýew (Aşgabat şäheriniň 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi) täsirli inženerçilik çözgütlerini we taktiki pikirlenmäni görkezdi.
Ikinji orny Selim Begmyradow (Aşgabat şäheriniň 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi, «Kämil bilim» okuw merkezi), üçünji orny bolsa Taçmyradow Abdullo — Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekili eýeledi.
«Ýaş programmistler» ugrunda gatnaşyjylar algoritmik pikirlenmegiň we kod ýazmak boýunça amaly başarnyklaryň ýokary derejesini görkezdi. Birinji orny Ata Goşaýew (Balkan welaýatynyň 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi, «Kämil bilim» okuw merkezi) gazandy.
Ikinji orny Berdymyrat Abdyýew, Mälik Ahmedow we Ruslan Fitkulin (Gyzylarbat etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 19-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi) paýlaşdy. Üçünji orny bolsa Sanjar Ylhamow, Döwlet Kämiljanow we Aly Batyrow (Lebap welaýatynyň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi, «Kämil bilim» okuw merkezi) eýeledi.
Aýratyn üns «Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» ugruna çekildi. Bu ýerde gatnaşyjylar hakyky ykdysadyýetde ulanmaga gönükdirilen taslama çözgütlerini hödürlediler.
Bu ugurda ýeňijiler hökmünde Aýlar Amanowa (Aşgabat şäheriniň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi) we Nepes Jorakulyýew (Aşgabat şäheriniň Hydyr Derýaýew adyndaky 46-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebi, Aşgabatdaky Amerikan Merkezi) yglan edildi.
Ikinji orny toparlaýyn düzümde Mämmettuwakow Adylşa we Öwlýagulyýew Ahmet (Berdimuhammet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen harby mekdebi), şeýle hem Geldiýew Resul we Altyýew Salyh (Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi) paýlaşdy.
Üçünji orny Niýazhanowa Ogulmerjen we Berdimyradowa Nurana (Aşgabat şäheriniň 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebi) eýeledi.
Ýeňijiler we gatnaşyjylar diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy. Bu bolsa baý we täsirli geçen bäsleşik gününiň mynasyp jemlenmesi boldy.
Çäräden — ulgama tarap
Eger-de Robofest «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi giňişleýin seljerilse, şeýle başlangyçlaryň diňe başarnyklary däl, eýsem täze pikirleniş medeniýetini hem emele getirýändigi aýdyň bolýar. Bu tehnologiýalary diňe ulanmakdan olary döretmäge geçişdir. Hut şeýle çäreler geljekde inženerçilik, sanly çözgütler we senagat çatrygynda işlejek hünärmenleriň binýadyny goýýar.
Bu nukdaýnazardan, işewürligiň, döwlet düzümleriniň we bilim edaralarynyň sinergiýasy strategiki ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe bäsleşikleri geçirmek bilen çäklenmän, eýsem uzak möhletleýin ösüş ekoulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu günki gatnaşyjy ilkinji robotyny döreden okuwçy bolsa, ertir ol tutuş pudaklaryň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir edip biljek inžener bolup ýetişýär.
ORIENT
