Türkmen talyplary halkara sahnasynda ýokary taýýarlyk derejesini ýene-de bir gezek subut etdiler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Medina Sopytaganowa abraýly “Homo dicens” atly rus dili boýunça halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy.
Intellektual bäsleşik 19-njy ýanwardan 1-nji mart aralygynda geçirildi. Ony Moskwa şäher mugallymçylyk uniwersiteti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Ynsanperwer ylymlary instituty gurady. Çäräniň gerimi täsirli boldy: iň gowularyň ady ugrunda Russiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Serbiýadan, Iordaniýadan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 200-e golaý talyp bäsleşdi.
Medina Sopytaganowa bäsleşigiň iki tapgyryny üstünlikli geçip, çuňňur bilimini we rus dilini kämil derejede bilýändigini görkezdi. Güýçli bäsdeşlik şertlerinde türkmen talyby Hytaý Halk Respublikasyndan we Serbiýadan gatnaşan garşydaşlaryny yzda goýup, tapawutlandyrylan hormat diplomy gazandy.
ORIENT
