27-nji aprelde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekow Neapol şäherine saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde ol Fridrih II adyndaky Neapol uniwersitetiniň rektory, professor Matteo Lorito bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen agzalan uniwersitetiň arasynda ylym, oba hojalygy we durnukly ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün saparyň çäklerinde ilçi T. Kömekow bu uniwersitetiň ýanynda hereket edýän Apple Developer Academy-niň ylmy direktory, doktor Jorjo Wentre bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar sanly tehnologiýalar we programmirleme ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, şol sanda amaly başarnyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça ýakyn geljekde iki ýurduň ylym we bilim wekilleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy. Bu saparlar hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga we ösdürmäge gönükdiriler.
