“Hytaýy dolandyrmak” bäsleşigi näme? Bu — Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleri tarapyndan guralýan her ýylky talyp bäsleşigi. Gatnaşyjylar — Hytaýda okaýan ýerli we daşary ýurtly talyplar. Gury nazaryýetiň ýerine olar Hytaýyň şäherlerine we oba ýerlerine gidip, ýerli häkimiýet edaralarynyň işini, ekologiýa maksatnamalary we sanly hyzmatlaryň hakyky mysallaryny öwrenýärler. Soňra bolsa bu tejribäni öz ýurtlarynyň meselelerine ulanmaga synanyşýarlar.
Bu gezek hem Hytaýdan we ýene-de iki onlukdan gowrak ýurtdan gelen takmynan 200 talyp ýurduň merkezi böleginde ýerleşýän Szinmen şäherinde jemlendi. Duşuşygyň maksady — dolandyryşyň hakyky mysallaryny öwrenmek, oba ýerleriniň täzeden dikeldilmegi we ýerli innowasiýalaryň Hytaýyň döwrebaplaşmasyna nähili täsir edýändigine düşünmek. Şeýle hem bu tejribeleriň beýleki ýurtlar üçin nähili peýdaly bolup biljekdigini ara alyp maslahatlaşmak.
Ýekşenbe güni Szinmen şäherinde “Hytaýy dolandyrmak” atly ýagdaýlary seljeriş boýunça ikinji bäsleşik tamamlandy. Çäre dört gün dowam etdi we "Szinmeni açyň, dünýäni ruhlandyryň” diýen şygar astynda geçirildi. Gatnaşyjylar şäher we oba ösüşinden başlap, sanly döwlet dolandyryşy we ekologiya çenli sekiz ugur boýunça dolandyryş tejribelerini seljerdiler.
Jemleýji tapgyrda toparlar öz taslamalaryny goradylar we ýerli mysallary hakyky medeniýetara dialoga öwürdiler.
Halkara talyplar kategoriýasynda baş baýragy Syçuan uniwersitetiniň topary gazandy. Toparyň düzümine Pakistandan, Bangladeşden, Nigeriýadan we Hytaýdan gelen talyplar girdi. Olar Çžeszýan welaýatyndaky bir obany öwrenip, onuň ekologiýa taýdan täzeden dikeldilmeginiň tejribesiniň Pakistan üçin nähili peýdaly bolup biljekdigini görkezdi.
Islandiýaly talyp Françeska Ran Rositudottir şeýle duşuşyklaryň örän möhümdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, dürli ýurtlardan ýaşlar bir ýere ýygnanyp, pikir alyşmalydyr. Bu ýerde esasy zat — aragatnaşyk.
Bäsleşik 2025-nji ýylyň noýabrynda işe girizildi we Hytaýyň dürli künjeklerinden köp sanly uniwersiteti özüne çekdi. Jemleýji tapgyra 33 ýokary okuw mekdebinden 80 topar çykdy. Takmynan 200 gatnaşyjynyň we synçylaryň arasynda Russiýa, Germaniýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Özbegistan ýaly ýurtlardan 24 ýurda degişli 38 daşary ýurtly talyp bardy.
Janly çekişmelerde Hytaýly we beýleki daşary ýurtly talyplar jemgyýetleriň ykdysadyýet bilen ekologiýanyň arasynda deňagramlylygy tapmakdan başlap, iň uzak sebitlerde hem sanly döwlet hyzmatlaryny elýeterli etmeklige çenli umumy meseleleri nähili çözýändigini ara alyp maslahatlaşdylar.
Özbegistanly talyp Şerbek Muhiddinow öz täsirleri bilen paýlaşdy. Ol Szinmeniň ýaşaýjylary bilen ýerli meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyny, daşary ýurtly talyplar bilen hem şol temalar boýunça pikir alyşandygyny we öz ýurdunyň sebitlerini ösdürmek üçin nämeleri edip biljekdigine has gowy düşünendigini aýtdy.
Bu çäre diňe bir bäsleşik däl. Ol akademiki alyş-çalyş, uniwersitetler bilen ýerli häkimiýet edaralarynyň hyzmatdaşlygy, iň esasysy bolsa medeniýetara dialog üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Ekspertler maksadyň — ýaşlaryň meýdan barlaglary, hakyky mysallar we ýerli tejribe arkaly Hytaýa has gowy düşünmegini üpjün etmekdigini belleýärler. Şol bir wagtda bolsa olaryň ýokary hilli dolandyryşy we döwrebaplaşdyrmany ösdürmek boýunça täze pikirleri öňe sürmeklerine mümkinçilik döretmekdir.